Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Halal Expo 2025” sergisi işe başlady – Türkmenistanyň milli diwarlygy üns merkezinde

26.11.2025
323

         2025-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkiýäniň Stambul şäherinde “Halal Expo 2025” atly halkara sergisi öz işine başlady. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan halal önümlerini hödürleýän öndürijileri, telekeçileri we maýa goýujylary birleşdirýän bu çäre giň gerimli işewür meýdança bolup çykyş edýär.

         Sergä Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň wekilleri gatnaşyp, ýurdumyzyň halal önümlerini, söwda-ykdysady ulgam boýunça gazanan üstünliklerini tanyşdyrýan maglumatlary we sergi önümlerini görkezýärler.

Bu çäräniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen duşuşyklara, işewür çärelere gatnaşmak, şeýle-de halkara bazarlarynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

“Halal Expo 2025” sergisi 29-njy noýabrda öz işini tamamlar. Serginiň dowamynda gatnaşyjylar täze taslamalar bilen tanyşmaga, tejribe alyşmaga hem-de köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge mümkinçilik alarlar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy


Bulary hem okaň