Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Günüň dogýan ýurdunda» güneşli Türkmenistanyň Milli güni dabaralandy

16.04.2025
332
Card image cap

       2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2025»  Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Türkmenistan serginiň açylyş dabarasyndan soňra Milli gününi belleýän ilkinji döwlet boldy.

«EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasyna baran  Döwlet Baştutanymyz serginiň hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň «EKSPO — 2025»  boýunça ministri Ito Ýositaka bilen bilelikde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabara gatnaşyp, täsirli çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz şowhunly el çarpyşmalaryň astynda milli pawilýonyň toý bagyny kesdi. Soňra bu özboluşly desga bilen tanyşlyk başlandy. Belent mertebeli myhmanlar ýurduň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny görkezýän 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etdiler. Türkmen medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bolsa dabaranyň milli öwüşginini baýlaşdyryp, myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň pawilýonynyň binagärlik keşbi üçburç görnüşde bolup, bu şekil ösüşi we ýaşaýşyň dowamlydygyny aňladýar. Gümmez bölegi bolsa türkmen halylarynyň nagyşlaryndan ylham alnyp, Garagum çölüniň tebigy keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar.

         «EKSPO — 2025» sergisi 2025-nji ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam eder we bu döwürde dünýäniň 160-a golaý ýurdy öz üstünliklerini we mümkinçiliklerini görkezer.

         Türkmenistanyň «EKSPO — 2025» sergisiniň açylyş dabarasyndan soňra Osaka şäherindäki Bütindünýä gözden geçirilişinde Milli gününi belleýän ilkinji ýurt hökmünde toý döwresiniň başyny başlamagy örän ähmiýetli wakadyr. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu möhüm çärä gatnaşmagy bolsa, onuň dabarasyny has-da artdyrdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň