Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi işewürlik üçin täze gözýetimleri açdy

22.11.2025
318

2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen   göçme sergisi öz işini üstünlikli tamamlady.

Sergä Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň oba hojalyk, azyk we gaýtadan işleýän pudaklarynda, himiki we gaplaýjy önümçiliginde, logistika, bank, söwda, hyzmatlar ulgamynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 70-den gowragynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bu sergi önümlerini  türkmen bazaryna hödürlemäge we täze işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga isleg bildirýän eýran kompaniýalary üçin meýdança bolup çykyş etdi.

Çäräniň jemleýji böleginde   gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy.

Sergi iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolup, işewürlik üçin täze gözýetimleri açdy.

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy


Bulary hem okaň