17.11.2023
                    
                                      
                                                            
                                        German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň guramagynda
2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre
Berlin» kongresler merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewürler
maslahaty geçiriler. Bu maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we
beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşar.  
Türkmenistan bilen
Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi ara alnyp
maslahatlaşyljak bu işewürler maslahatynda,   söwda-ykdysady
gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeler seljeriler.
Türkmen
ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk
üçin hemişe açykdyr. Şu nukdaýnazardan Berlin şäherinde geçiljek  türkmen-german işewürler maslahaty uzak
möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.