Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Fransiýanyň ykdysady hem medeni merkezinde Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna, medeni mirasyna bagyşlanan sergi gurnaldy

07.05.2025
237
Card image cap

      2025-nji ýylyň 5-nji maýynda Fransiýanyň  ykdysady hem medeni merkezi bolan Parižde Türkmenistanyň we Fransiýanyň işewür hyzmatdaşlygyna gönükdirilen Türkmen-fransuz ykdysady forumy geçirildi. Forumyň öňüsyrasynda Milli Liderimiz we çärä gatnaşyjylar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, milli mirasymyza bagyşlanan sergini synladylar.  Fransiýanyň paýtagtynda türkmen halylaryna we el işlerine bagyşlanan, türkmen halkynyň köptaraply zehininiň aýdyň nyşanyna öwrülen milli amaly-haşam sungatynyň hem-de döredijiliginiň, halk senediniň görnüşlerini dolulygyna şöhlelendirýän milli serginiň gurnalmagy aýratyn täsirli boldy. Şeýle hem bu sergide milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda gazanylan üstünlikler görkezildi. Halkara sergiler Býurosynyň mesgeni bolan Parižde gurnalan türkmen milli nepis sungatyny we ýurduň belent sepgitlerini şöhlelendirýän  sergide uly gyzyklanma bilen nazarlar eglendi.

       Forumda özara bähbitli gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga degişli täsirli çykyşlar edildi. Taraplar häzirki wagtda söwda-ykdysady ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin iki ýurduň hem giň mümkinçilikleriniň bardygyna ünsi çekip, bu mümkinçilikleri has işjeň ulanmagyň zerurdygyny nygtadylar.

       2027-2028-nji ýyllarda Parižde türkmen topragyndan tapylan, bürünç asyryna degişli arheologik tapyndylaryň sergisini guramak başlangyjy barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen bolan duşuşygynda belläp geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bellemegine görä, geçiriljek çäre Türkmenistanyň gadymy taryhyna bagyşlanyp guralan halkara sergileriň özboluşly dowamy bolup biler.        


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň