21.11.2025
2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Rumyniýa
döwletiniň «FAN» kompaniýasynyň wekilleri bilen
duşuşyk geçirildi. Duşuşyga TSSE-niň gyzyklanama
bildiren agzalary gatnaşdylar.
«FAN» kompaniýasynyň
dolandyryjysy Staýku Maria bilen türkmen
tarapy ulag-logistika ulgamynda işewür hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň
mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Rumyn kompaniýanysynyň wekiline «Eminli
maslahat» hususy kärhanasynyň, «Halkara türkmen logistik» hojalyk jemgyýetiniň,
«Zehinli ýoldaş» hususy kärhanasynyň, «Döwrebap ulag merkezi» hususy
kärhanasynyň wekilleri özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüzlendiler. Bu türkmen kompaniýalary
ulag-logistika ulgamynda esasan hem Ýerwopa ýurtlary bilen işewür hyzmatdaşlygy
alyp barýarlar.
Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäräniň uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam
bildirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy