18.11.2023
                    
                                      
                                                            
                                               Mälim bolşy ýaly, düýn
Aşgabatda dabaraly açylan Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly
ýöriteleşdirilen sergisi 3 günläp dowam eder. Ýöriteleşdirilen serginiň ikinji
gününiň çäklerinde öňden meýilleşdirilen çäreleriň birnäçe geçirilýär.
Serginiň
ikinji gününde irden Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda  Türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi. Ýokary
derejede geçirilen bu maslahatda iki dostlukly döwletiň wekilleriniň çykyşlary
diňlenildi.  Onuň dowamynda Eýran kompaniýalary bilen Türkmenistanyň
kärhanalarynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek we tejribe alyşmak boýunça  gepleşikleriň birnäçesi guraldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.