11.06.2026
2026-njy ýylyň 9-10-njy iýunynda
ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň
işewürler topary saparda bolup, bilelikdäki türkmen-özbek işewürler forumyna
gatnaşdylar. Çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy we Daşaguz welaýat
häkimligi tarapyndan gurnaldy.
Bu forum iki goňşy ýurduň serhetýaka
sebitleriniň ykdysady we söwda mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge
gönükdirildi.
Maslahata goňşy döwletden
Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly
ygtyýarly Ilçisi, Horezm welaýatynyň Maýa goýum, senagat we söwda müdirliginiň
wekilleri, işewürler topary gatnaşdy.
Bilelikdäki Türkmen-Özbek işewürler
forumynyň çäklerinde iki ýurduň degişli welaýatlarynyň işewürleriniň arasynda
ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, özara ylalşyklar gazanyldy.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň
Horezm welaýatynyň işewürler toparynyň wekiliýeti Türkmenistanyň Dokma senagaty
ministrligine degişli bolan “Daşoguz pagta egriji fabriginiň” ýokary
hilli pagta ýüpliginiň öndürilişi bilen ýakyndan tanyşdylar. Kärhananyň
sanly we awtomatlaşdyrylan ulgamlary, ekologiýa taýdan arassa önümleri özbek
işewürlerinde uly gyzyklanma döretdi.
Özbek wekiliýeti sebitiň hususy
pudagynyň kuwwatly wekilleriniň biri bolan “Amantaý” hususy kärhanasyna hem
baryp gördi. Myhmanlar kärhananyň önümçilik tehnologiýalary, taýýarlanýan
harytlaryň görnüşleri we iş şertleri bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu tanyşlyk,
hususy pudakda serhetüsti maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge uly itergi
berdi.
Geçirilen bu forum Türkmenistan bilen
Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky asyrlara uzan dostlukly, doganlyk we
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny täze amaly mazmun bilen baýlaşdyrdy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.