02.06.2025
                    
                                      
                                                            
                                              2025-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen
wekiliýeti Mongoliýa ilkinji döwlet sapary bilen bardy. Bu taryhy sapar iki
döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak bilen birlikde, syýasy-diplomatik,
söwda-ykdysady, ylym-bilim we medeni  gatnaşyklarynyň giňeldilmegine uly itergi
berdi. 
Bu saparyň
çäklerinde Ulan-batorda Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň we türkmen
halysynyň sergi-ýarmarkasy hem gurnaldy. Mongoliýanyň Milli söwda-senagat
edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen sergi-ýarmarkasyna  Türkmen-mongol işewürler forumyna
gatnaşyjylar aýlanyp görüp, ýokary baha berdiler. 
         Saparyň
çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň dowamynda taraplar
birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine
esaslanýan gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydyklaryny
tassykladylar. Netijede, birnäçe resminamalara gol çekildi. Bu resminamalar
ykdysady hyzmatdaşlyk, energetika, oba hojalygy, ulag we kommunikasiýalar, bilim
we medeniýet ýaly ugurlary öz içine aldy. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.