21.08.2025
                    
                                      
                                                            
                                                2025-nji ýylyň 21-nji awgustynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly
halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Çagalaryň gündelik durmuşyna, saglygyny
goramaga, bilim-terbiýesine, döredijiligine we oýun dünýäsine degişli iň täze
önümler hem-de hyzmatlar giňden hödürlenýär. 
   Sergi-ýarmarka
dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen kompaniýalaryň, hususy kärhanalaryň we
jemgyýetçilik guramalaryň gatnaşmagynda geçirilýär. Ol ýerde çagalar üçin
niýetlenen eşikler, oýnawaçlar, okuw serişdeleri, sport enjamlary, öý bezeg
önümleri hem-de çagalaryň ösüşine ýardam berýän innowasion hyzmatlar
görkezilýär.
         Bu
halkara çäre 23-nji awgusta çenli dowam edip, maşgala agzalaryna we körpe nesle
niýetlenen täze mümkinçilikleri tanatmaga giň ýol açar. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.