21.11.2025
2025-nji ýylyň 20-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň häkimi Ali Asgar Tahmasebiniň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyk Eýran Yslam Respublikasynyň
Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň ýöriteleşdirilen göçme sergisiniň çäklerinde gurnaldy.
Duşuşygyň başynda türkmen-eýran dostlukly
hyzmatdaşlygynyň asyrlardan gözbaş alýandygy bellenip, iki ýurduň arasyndaky
söwda-ykdysady gatnaşyklar dogrusynda pikir alyşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy
iki goňşy döwletiň arasynda sergileriň yzygiderli
geçirilmeginiň asylly däbe öwrülip, şu
görnüşli çäreleriň iki ýurduň arasyndaky
haryt dolanşygynyň möçberiniň artmagyna itergi berýändigini aýtdy.
Türkmen wekiliýeti bu sergide Gülüstan welaýatynyň eksport
mümkinçiliklerine ýokary baha berendiklerini belledi.
Ali Asgar Tahmasebi şeýle sergini ýokary guramaçylykly geçirmäge
döreden mümkinçiligi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine çuňňur hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň ýagty
geljegi üçin alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi we türkmen işewürlerini
Gülüstanda geçiriljek «Expo 2026» sergisine gatnaşmaga çagyrdy.
Duşuşyk taraplaryň bir-birege iň ýagşy
arzuwlaryny beýan etmegi bilen tamamlandy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy