Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Awaza – maýa goýumlaryň merkezine öwrüldi

18.09.2025
21

      2025-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini giňden açyp görkezýän Türkmenistanyň maýa goýum forumy öz işine başlady. Iki gün dowam etjek forum 19-njy sentýabrda tamamlanar.

         Foruma ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň, iri halkara kompaniýalaryň, maliýe guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar. Şeýle hem halkara derejesinde tanalýan maýa goýujylar, analitikler, döwlet we hususy pudaklaryň wekilleri çykyş edýärler.

         Forumyň maksady – Türkmenistanyň ykdysadyýetine maýa goýum çekmek, döwlet we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de maýa goýujylara ýurdumyzda döredilen amatly şertleri tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

         Bu forum – ýurdumyzyň maýa goýum strategiýasynyň çäginde daşary ýurtly hyzmatdaşlara açykdygyny görkezýän möhüm platformalaryň biri bolup durýar. Şeýle çäreleriň geçirilmegi dünýäniň işewür jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň artýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň