2025-nji ýylyň 4 – 5-nji
sentýabry aralygynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde
geçirilen “Astana Finance Days 2025” atly halkara forumyna
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti gatnaşdy.
Forum häzirki
zaman maliýe ulgamyndaky ösüşleri, täze ykdysady gurallary hem-de halkara
tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin halkara derejesinde möhüm meýdança
bolup çykyş etdi.
“Astana
Finance Days 2025” atly halkara forumy her ýylda geçirilip, maliýe, ykdysadyýet
we durnukly ösüş temalary boýunça dünýäniň dürli ýurtlarynyň wekillerini bir
ýere jemleýär.
Türkmenistanyň
wekilleri forumyň çäginde geçirilýän umumy mejlislere, panel çykyşlara hem-de
açyk maslahatlara gatnaşyp, dürli ýurtlaryň wekilleriniň tejribeleri bilen
tanyşdylar. Forumyň dowamynda maliýe hyzmatdaşlygy, sanly ykdysadyýet, ýaşlar
we kiçi telekeçilik üçin maliýe elýeterliligi ýaly meseleler boýunça pikir
alyşmalara gatnaşdylar.
Halkara forum halkara tejribeler bilen tanyşmak arkaly täze
bilimleri we çemeleşmeleri öwrenmek üçin uly mümkinçilik boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.