2025-nji ýylyň 18-nji martynda
Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa
goýumlar» atly halkara forum geçirildi. Bu forumyň esasy maksady daşary ýurt we
ýerli maýadarlary ýurdumyzdaky hususy pudaga çekmek, işewür gatnaşyklary
giňeltmek hem-de ykdysady ösüşi täze derejä çykarmakdan ybarat boldy.
Forumyň
dowamynda ykdysadyýetiň hususy pudagyna maýa goýmagyň mümkinçilikleri, döwlet
tarapyndan telekeçilere berilýän goldaw, eksport mümkinçilikleri we
hyzmatdaşlyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de foruma gatnaşyjylar
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek boýunça teklipleri öňe sürüp, täze
işewür gatnaşyklary ýola goýdular.
Bu
halkara forum Türkmenistanyň hususy pudagynyň ösdürilmegine we maýa goýum
mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna gönükdirilen möhüm çäreleriň biri bolup,
daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ädimleriň
biri boldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.