Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda TSTB-niň 17 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli sergi öz işini üstünlikli dowam edýär

18.03.2025
22
Card image cap

        Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan giň möçberli sergi öz işini üstünlikli dowam edýär. Bu sergide ýurdumyzyň hususy pudagynyň gazanan üstünlikleri, telekeçileriň ýerine ýetirýän hyzmatlary hem-de içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri  giňden görkezilýär.

        Serginiň dowamynda dürli ugurlar boýunça iş alyp barýan Senagatçylar we Telekeçiler birleşmesiniň agzalary öz önümlerini we soňky ýyllarda gazanan üstünliklerini tanyşdyrýarlar. Ekspozisiýa halkyň gündelik isleglerini kanagatlandyrýan harytlaryň we hyzmatlaryň giň görnüşini öz içine alýar.

      Sergä azyk we ýeňil senagaty, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, syýahatçylyk, çaphana hem-de bezeg işleri bilen meşgullanýan telekeçiler gatnaşýarlar. Şeýle-de sergide mebel önümleri, mahabat hyzmatlary, el işleriniň we zergärçilik sungatynyň nusgalary bilen çykyş edýärler.

     Bu sergi hususy pudagyň ösüş derejesini açyp görkezmek bilen bir hatarda, täze hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna hem-de içerki we halkara bazarlara çykmak boýunça mümkinçilikleriň giňeldilmegine ýardam berer.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň