Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda halkara maslahat: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny

20.03.2025
82
Card image cap

     2025-nji ýylyň 19-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: Durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagy uly ähmiýete eýe boldy.

Halkara maslahatyň başynda hormatly Prezidentimiziň maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy. Bu çärä dünýä ýurtlarynyň birnäçesinden, esasan hem Birleşen Arap Emirliklerinden, Gazagystandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan, Täjigistandan we Oman Soltanlygyndan döwlet edaralarynyň we iri kompaniýalaryň, şeýle hem halkara guramalarynyň we diplomatik edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.

         Çärede  Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Sebitara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, ulag-logistika ulgamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmegi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi we hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, geljekde hem halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

                                                      Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň