2025-nji ýylyň 18-nji martynda Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilen «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň çäklerinde daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen türkmen tarapynyň arasynda birnäçe möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň hususy kärhanalarynyň birnäçesi bilen daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda ýigrimiden gowrak Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Halkara söwda býurosynyň Baş sekretary Dmitri Kerkentzesiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşykda 19-njy martda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek Halkara Sergiler Býurosynyň Dolandyryş-býujet komitetiniň mejlisi barada özara pikir alyşyldy.
Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti «B2B Analitika»,
«Eko Trade»
jogapkärçiligi çäklendirilen jemgyýetleriň,
Estoniýa Respublikasynyň Merkezi Aziýadaky Ilçihanasynyň,
Estoniýa Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň, «Clemco
Baltic OÜ», «
Nirgi Servis
OÜ», «Baltic Trans Gas OÜ», «Globalsun
OÜ» kompaniýalarynyň wekilleri bilen gepleşikleri geçirdiler. Duşuşyklaryň
dowamynda bilelikdäki maýa goýum
taslamalary, sanly ykdysadyýet, ekologiýa, energetika we logistika bilen
baglanşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Bu
duşuşyklar Türkmenistanyň hususy pudagynyň halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde
we daşary ýurt maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary ýola goýmakda möhüm ädim
boldy. Forumyň çäginde geçirilen gepleşikleriň netijesinde geljekde bilelikdäki
ylalaşyklaryň baglaşylmagy we täze maýa goýum taslamalarynyň durmuşa
geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.