30.10.2025
2025-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda
Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki
döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyrmak maksady bilen gurnalýan «Türkmenistanyň
Ykdysadyýet günleri» atly giň gerimli işewürlik çäresi öz işine başlady.
Bu çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasy hem-de “Türkmen maslahatçylar topary” hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde
Germaniýanyň ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň we Türkmenistanyň
Germaniýadaky konsullygynyň goldawy bilen Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde
gurnaldy.
Çärä ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş
edaralaryň wekilleri, 70-e golaý türkmen telekeçileri we 90-a golaý german
kompaniýalary gatnaşýar.
Frankfurtda gurnalýan bu forum
ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we
giňeldilmegine mümkinçilik berer.
Çärä
gatnaşyjylar milli ykdysadyýetimiziň
dürli pudaklaryna ýokary tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribeleri giňden
ornaşdyrmagyň, işgärleri taýýarlamak boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
mümkinçiliklerini, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň geljekki
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Maliýe we bank hyzmatlary, saglygy goraýyş
we derman senagaty, söwda, ulag we
aragatnaşyk, nebit-gaz we nebit himiýa senagaty, oba hojalygy, dokma senagaty hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlary bolup durýar. Şeýle-de çäräniň çäklerinde B2G, B2B we «tegelek stol» duşuşyklary geçirilýär.
Mahlasy, Germaniýa ýaň salan
Türkmenistanyň Ykdysadyýet günleri maýa goýum şertnamalaryny baglaşmak we uzak
möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin möhüm halkara meýdança bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.