04.08.2025
                    
                                      
                                                                                                            
                                      
                                                                                                            
                                      
                                                            
                                        
                                        
                                        LLDC3-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramaçylygynda 25 sany
sergi-diwarlygy ýaýbaňlandyryldy. Olaryň 21-i daşary döwletleriň, 4 sanysy milli
sergi-diwarlygymyz bolup,  Türkmenistanyň
Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna, Durnukly ösüş maksatlaryna hem LLDC3  çäresine bagyşlandy. 25 hem 4-lik sanlar Awaza
maslahatynyň 2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda badalga almagyny aňladyp, aýratyn manyny
özünde jemledi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlanan pawilýon
Bu pawilýon geçen 33 ýylyň
dowamynda netijeli we oňyn, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk,
deňhukuklylyk hem-de özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan daşary
syýasat strategiýasyny yzygiderli we maksada okgunly amala aşyrýandygyny
görkezýär.
Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan pawilýon Türkmenistanyň daşary syýasatyna, halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar
edilen hemişelik Bitaraplyk statusyna bagyşlanýar. Şeýle hem sebitde we dünýäde
parahatçylygy, durnuklylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň
Bitaraplygynyň ähmiýetini görkezýär.
Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanan pawilýon 
Türkmenistan Durnukly ösüş
maksatlarynyň ählisini hem resmi taýdan kabul edip, olary milli meýilnamalara,
durmuş-ykdysady strategiýalara uýgunlaşdyryp, umumy abadançylygyň, ösüşiň
bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara gatnaşyklary giňeltmäge
hemmetaraplaýyn ýardam bermäge çalyşýar. Bu pawilýon  bu babatdaky giňişleýin maglumatlar bilen
tanyşdyrýar. 
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar
boýunça üçünji maslahatynyň pawilýonynda (LLDC3) bu maslahatyň many-mazmunyna degişli  maglumatlar serginiň tomaşaçylaryna
ýetirilýär. Sergide  bu maslahatyň, deňze
çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň ykdysady mümkinçilikleriniň artdyrylmagyndaky,
özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagyndaky orny dogrusynda giňişleýin
maglumat berilýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 
Metbugat gullugy bölümi.