Bildirişler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy

Card image cap
Dowam edýän senesi:

18 Mart 2026

Başlaýan wagty:

18.03.2026

Çäräniň görnüşi:

Halkara maslahaty

Guramaçy:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesi

Salgysy:

Aşgabat,Türkmenistan

  Forum - daşary ýurt maýadarlaryny, halkara maliýe guramalaryny we türkmen bazaryna girmek isleýän kompaniýalary duşuşdyrýan platformadyr. Bu forum, Türkmenistanyň dürli maýa goýum mümkinçiliklerini hödürläp, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çalt çekmek baradaky tekliplere garamak we sebitleýin taslamalary goşmak bilen bilelikdäki maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň geljegini öwrenmek maksada meýilleşdirilendir. Şeýle hem, forumyň esasy maksady, ýurduň eksport mümkinçiligini artdyrmaga, ýurdymyzyň we daşary ýurtly telekeçileriň hem-de maýadarlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir, sanly ulgamynyň ösüşine we sanly ykdysadyýete geçmek ugrunda giň mümkinçilikleri döredýän giňişlikdir.

   Sergi – milli ykdysadyýetiň - senagat, oba hojalygy, energetika, gurluşyk, ulag we aragatnaşyk ýaly dürli pudaklarynda döwrebap ösüşleri görkezjek interaktiw platformasy bolar. Sergä gatnaşyjylar ýurdymyzyň öňdebaryjy kärhanalary, ösen tehnologiýalar we Türkmenistanyň ykdysadyýetinde ulanylýan innowasion çözgütler bilen tanyşyp bilerler.

     Geçirilýän senesi: 2026-njy ýylyň 18-nji marty; Sagat: 09:00 – 18:00.