Bildirişler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli sergi hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň maslahaty

Card image cap
Dowam edýän senesi:

17-19 Mart 2026

Başlaýan wagty:

17.03.2026

Çäräniň görnüşi:

Sergi we ylmy maslahat

Guramaçy:

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekçiler birleşmesi

Salgysy:

Aşgabat,Türkmenistan

Giriş.

Häzirki döwürde milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmek, telekeçilik başlangyçlaryny goldamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň ösen tejribesinden ugur alnyp, hususy ulgamyň ykdysadyýetimizde eýeleýän ornunyň berkidilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Munuň özi türkmen telekeçileriniň dürli ugurlar boýunça belent sepgitleri eýelemegine giň ýol açýar.

Serginiň geçirilýän ýeri

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy. Aşgabat şäheri, Türkmenistan. Çandybil şaýoly 143

Serginiň geçýän wagty: 2026-njy ýylyň 17-19-njy mart aralygynda - 09:00 – 18:00.



Sergä gatnaşyjylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary



Eksponatlar.

Ýurdumyzda öndürilýän giň görnüşdäki azyk harytlaryny, ýagny et, şöhlat, guş eti, balyk, süýt, konditer, kakadylan miweleriň dürli görnüşleri, gök-önümleri, çörek önümleri, dürli görnüşdäki içgiler, ýeňil senagaty, elektronika enjamlary, dokma we maldarçylyk pudaklary, söwda, bilim, çaphana we bezeg işlerinde, mebel önümlerini, gurluşyk materiallaryny, mahabat, senetçiler we zergärçiler, tikinçilik we ilatyň sarp edýän hyzmatlary hem-de harytlary.