Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Ýürekden çykan söz ýürege barýar: “TürkmenTextile Expo-2025” hakynda

12.06.2025
168
Card image cap

 Telekeçi Güljan Şükürowa:

–– Men bu sergä “Gölli”  hojalyk jemgyýetimiziň halylary bilen gatnaşýaryn. Haly diňe bir önümçilik däl, eýsem türkmen gelin-gyzlarynyň ýürek owazy. Diwarlygymyza gelýän gaýry ýurtly myhmanlar halylarymyzyň daşynda hümer bolýarlar. Sebäbi gaýtalanmajak gözellik göreni özüne maýyl edýär. Hemmeler türkmen halylarynyň muşdagy. Biz daşary ýurtlarda guralýan sergilere hem işjeň gatnaşýarys. Bu sergi gaýry ýurtly müşderilerimiziň sanyny has-da artdyrdy. Biz türkmen telekeçilerine döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan beýik işleri elmydama rowaçlyklara ýar bolsun!



Bulary hem okaň