Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Ýürekden çykan söz ýürege barýar: “TürkmenTextile Expo-2025” hakynda

12.06.2025
183
Card image cap

Dizaýner Mariana Miçeli (Italiýa):

–– “TürkmenTextile Expo-2025”  sergisinde  diňe bir halylary ýa-da dokma önümlerini däl – türkmen  halkynyň owadan kalbyny gördüm. Dizaýner hökmünde türkmen milli lybaslarynyň biçak gözelligini we nepisligini belläsim gelýär. Biz bu gün serginiň çäklerinde öz brendimiziň lybaslaryny hem görkezdik. Serginiň guramaçylygy, türkmen dokma önümleriniň hili örän ýokary. Öz kärdeşlerimiň, türkmen dizaýnerleriniň önümlerini synlamak juda täsirli boldy. Aşgabadyň panbarhat fabriginiň önümleri bolsa gözelligi hem ýokary hili bilen haýran galdyrdy. Şeýle-de siziň keteniňiz hem özboluşly owadanlygy tapawutlanýar. Türkmen halylary diýjekmi, milli nagyşlary diýjekmi, bu ýerde özüne maýyl edýän gözellik barmak basyp sanardan köp. Bu ajaýyp sergä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.


Bulary hem okaň