Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Ýürekden çykan söz ýürege barýar: “TürkmenTextile Expo-2025” hakynda

12.06.2025
171
Card image cap

Dizaýner Ankita Çaudhry (Hindistan):

­­–– Ilki bilen belläsim gelýän zat, men güneşli Türkmenistana, mermer Aşgabada aşyk boldum. Bu ýurt meni diňe bir dokma önümleri bilen däl, eýsem adamlarynyň mähremligi we döredijilikli ruhy bilen haýran galdyrdy. Türkmen zenanlarynyň ýüpekden dokan lybaslarynyň we nagyşlarynyň taryhy meni biçak gyzyklandyrdy. Hindi lybaslary bilen türkmen milli egin-eşikleriniň arasynda hem meňzeşlik bar. Siziň gelin-gyzlaryňyz owadan  lybaslary  uzyn we älemgoşar öwüşgünli.  Milli lybasly türkmen gelin-gyzlaryny synladygyňça synlasyň gelýär, gözelliginden gözüň dokunýar.  

“TürkmenTextile Expo-2025” sergisine gatnaşmak bilen türkmen dizaýnerleriniň öz işiniň ussadydygyna hem göz ýetirdim. Toý-baýramlaryň mesgeni Türkmenistan döwletine mundan buýana hem gülläp ösüşleri arzuw edýärin. 


Bulary hem okaň