Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Ýürekden çykan söz ýürege barýar: “TürkmenTextile Expo-2025” hakynda

12.06.2025
201
Card image cap

   2025-nji ýylyň 11-13-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän “TürkmenTextile Expo-2025” halkara sergisine oňa gatnaşyjylar,  daşary ýurtly myhmanlar ýokary baha berýärler. Sözümiz gury bolmaz ýaly, biz olaryň birnäçesiniň buýsançly sözlerini size ýetirmegi makul bildik. 

     Moda žurnalisti Ýelena Nowikowa (“Fashion TV”, Russiýa):

–– Türkmenistanda geçirilýän sergi hem  moda görkezilşik - adaty  çäre däl-de,  dünýä bilen gürleşmegiň medeni ýoly diýsem, jüpüne düşer. Men bu ýerde türkmen dokma senagaty önümleriniň sergisine maýyl bolup tomaşa etdim. “TürkmenTextile Expo-2025” sergisine gözellik sergisi diýesim gelýär. Bu owadanlykda diňe daşky däl, ruhy gözelligi hem duýup bolýar. Türkmen gelin-gyzlarynyň nepislik bilen döreden el işleri gymmatly hazyna. Bu owadan gymmatlyklary tiziräk ýaýlymyň üsti bilen teletomaşaçylara ýetirmäge howlugýaryn. Bu ýerde moda ýürek bilen döredilýär. Aşgabat – döredijilikli gatnaşyklaryň döwrebap merkezi.  


Bulary hem okaň