Aşgabatda
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17
ýyllygy mynasybetli sergi hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly
halkara forumy guraldy. Üç günläp dowam eden bu sergä welaýatymyzyň «Tebigy
ekin» daýhan hojalygy, «Asuda akym», «Döwletli Döwran», «Ak Bulut» hojalyk
jemgyýetleri hem öz önümleri bilen gatnaşdylar. Olaryň ýokary hilli önümlerine daşary ýurtly işewürler
uly gyzyklanma bildirdiler.
Sergä gatnaşanlar bilen
duşuşyp, söhbetdeş bolanymyzda «Ak Bulut» hojalyk jemgyýetiniň satyş boýunça
hünärmeni Gülruh Hajyýewa özünde galan täsirleri biziň bilen paýlaşdy:
— Biz sergä öndürýän
gipsokarton, metal görnüşindäki asma potoloklary, gurluşyk gury garyndylary,
gurluşyk gipsi, şeýle-de çyryşlaryň dürli görnüşini getirdik. Bu gurluşyk
önümlerimiz Gazagystan, Özbegistan, Gyrgyzystan, Russiýa Federasiýasy, Hytaý
Halk Respublikasy, Malaýziýa ýaly ýurtlaryň işewürlerinde uly gyzyklanma
döretdi. Olaryň aglabasy geljekde biziň bilen söwda etmek meýilleriniň
bardygyny aýtdylar. Ýeri gelende belläp geçsem, häzirki wagta çenli hojalyk
jemgyýetimiziň önümleri Özbegistan, Gyrgyzystan, Gruziýa, Azerbaýjan ýaly
ýurtlara yzygiderli eksport edilýär. Öz ýokary hilli önümlerimiz bilen daşary
ýurtlarda geçirilýän söwda sergilerine-de işjeň gatnaşýarys. Biziň esasy
maksadymyz bolsa öz milli önümlerimizi daşarky bazarlarda has giňden
tanatmakdan ybaratdyr. Munuň üçin döwlet Baştutanymyz ähli amatly şertleri
döredip berýär.
Özleri üçin döredilen
mümkinçiliklerden göwünleri galkynyp, işlerini has-da döwrebap derejede alyp
barýan «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti hem bu sergä «Şir ýag» haryt nyşanly
çalgy ýaglary bilen gatnaşdy.
— Şeýle sergileriň dowamly
guralmagy, telekeçiler üçin örän ähmiýetlidir. Hususyýetçiler öz önümlerini
daşary ýurtly işewürlere görkezmäge we olar bilen netijeli hyzmatdaşlygy
berkitmäge mümkinçilik alýarlar. Häzirki wagtda biziň hojalyk jemgyýetimizde
awtoulaglar üçin niýetlenilen çalgy ýaglarynyň 25 görnüşi öndürilýär. Biz bu
ýaglaryň ähli görnüşini sergä getirdik. Sergä gatnaşyjy daşary ýurtly
telekeçileriň aglabasy bu ýaglar bilen içgin gyzyklandy. Eýýäm Gazagystanyň,
Özbegistanyň, Russiýa Federasiýasynyň işewürleri biziň bilen geleşikleri
baglaşmaga-da isleg bildirdiler — diýip, «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň
wekili, ýaş inžener Döwrangeldi Muhammedow buýsanç bilen gürrüň berýär.
Bezeg keramiki kerpiçleri
bilen meşhur bolan «Döwletli Döwran» hojalyk jemgyýetiniň we «Tebigy ekin»
daýhan hojalygynyň sergä getiren önümleri hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Çünki ýurdumyzda gurulýan ajaýyp binalaryň ençemesine aýratyn öwüşgin berýän
«Döwletli Döwranyň» bezeg keramiki kerpiçleriniň indi Özbegistanda-da islegli
harytlaryň hatarynda tanalyp başlanylmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Hojalyk
jemgyýetiniň satyş menejeri Danir Şakirow «Döwletli Döwranyň» önümleriniň
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gazagystan, Özbegistan döwletlerinde
guralan sergilere gatnaşandygyny we häzirki wagtda-da Özbegistana
bezeg-keramiki kerpiçleriň dowamly eksport edilýändigini belledi.
Ildeşlerimiz netijeli işlemäge we şeýle ýokary derejeli sergilere hem-de forumlara gatnaşmaga döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize ak ýürekden hoşallyklaryny bildirýärler.
Atanyýaz HANGELDIÝEW,
Çeşme: «Türkmen gündogary» gazeti
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/11/articles/186173
19.03.2025