13.10.2025
Her ýylda Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilmegi asylly
däbe öwrülen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat nobatdaky gezek has-da
giň gerime eýe boldy. Onda ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim hem-de sport
ulgamlarynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler hemmetaraplaýyn
şöhlelendirilip, olaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ähmiýetine, innowasion
özgertmelere uly orun berildi. Bu ugurlarda täze işläp taýýarlamalary
ornaşdyrmak, dünýä tejribesini özleşdirmek, ökde hünärmenleri taýýarlamak
babatda täzeçe halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de ösdürmek
forumyň esasy aýratynlygy boldy. Halkara sergi we ylmy maslahat degişli
ulgamlarda dünýä standartlaryna yzygiderli eýerýän Türkmenistanyň
maddy-enjamlaýyn we tejribe kuwwatynyň ýeterlikdigini aýdyňlygy bilen äşgär
etdi.
Ösen lukmançylyk infrastrukturasy
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet
maksatnamasynyň kabul edilmegine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 30
ýyl boldy. Munuň özi saglygy goraýyş ulgamynda uly baýramçylykdyr. Hut şonuň
üçinem ýurdumyzyň lukmanlarynyň hünär baýramy giň gerimli dabaralar bilen
bellenilip geçildi. Bu güne gabatlanyp, paýtagtymyzda, Ahal, Daşoguz hem-de
Mary welaýatlarynda täze saglyk desgalarynyň düýbüni tutmak we açylyş
dabaralary hem geçirildi. «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň
täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we ylmy maslahat şanly
sene mynasybetli dabaralaryň esasy bölegine öwrüldi.
Saglygy goraýyşda, lukmançylyk
pudagynda ýetilen sepgitler forumda esasy orny eýeleýär. Munuň özi forumyň diňe
bir bu ulgamyň hünär baýramyna gabat gelýändigi üçin hem däl-de, eýsem, ynsan
saglygyny goramakda ýurdumyzyň kuwwatly infrastruktura eýe bolmagy bilen hem
baglydyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
tagallalary bilen milli saglygy goraýyş ulgamy köpugurly esasda ösdürilýär.
Halkara derejeli hassahanalardyr ylmy-kliniki merkezler, döwrebap bejeriş
hyzmatlaryny ýetirýän saglyk öýleridir şypahanalar barmak büküp sanardan köp.
Sergide bu düzümleriň ählisiniň hyzmatlary barada gürrüň berýän diwarlyklar
ýerleşdirildi.
Halkara sergide daşary ýurt
kompaniýalarynyň hem köp sanlysy öz önümlerini we hyzmatlaryny tanyşdyrdylar.
Olar saglygy goraýyş ulgamynda, derman serişdeleriniň, lukmançylyk enjamlarynyň
hem-de saglyk maksatly beýleki önümleriň önümçiliginde iş alyp barýan
kompaniýalara wekilçilik edýärler. Sergä gatnaşan Russiýanyň «Metiz ltd.»
kompaniýasynyň hünärmeni Ýelena Şubina bilen söhbetdeş bolduk. Ol kompaniýanyň
alyp barýan işi, serginiň geçişi barada beren sowallarymyza şeýle jogap berdi:
— Dünýä ýurtlarynyň köpüsinden
lukmançylyk pudagynda işleýän wekilleri bir ýere jemlän bu halkara sergi bize
öz önümlerimizi tanyşdyrmakda örän ähmiýetlidir. Türkmenistan 40 sany hyzmatdaş
ýurdumyzyň içinde saglygy goraýyş ulgamyny iň depginli ösdürýänleriň hatarynda.
Eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri hyzmatdaşlygyň dowamynda sargyt esasynda
mümkinçiligi wagtlaýyn ýa-da hemişelik çäkli adamlar üçin protez enjamlarynyň
düzüm böleklerini üpjün edip gelýäris. Protez önümlerimiziň ekologik taýdan
zyýansyzdygyna, berkdigine, ýokary hilliligine türkmen hünärmenleri ýokary baha
berýärler. Şu günki sergide bolsa emeli aň tehnologiýalaryna esaslanýan,
öwredilýän hereketi ýatda saklaýan protez enjamlarymyzy tanyşdyrýarys. Halkara
gözden geçirilişe gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň
Hökümetine uly minnetdarlyk bildirýäris.
Sergä daşary ýurtlaryň derman
serişdelerini öndürýän kärhanalarynyň hem köpüsi gatnaşdy. Olaryň hatarynda
Tatarystanyň “Tathimfarmpreparaty” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň
tanyşdyrýan önümleri-de köpleriň ünsüni çekýär. Bu paýdarlar jemgyýetiniň
daşary ykdysady işler bölüminiň başlygy Wil Mustafin bilen söhbetdeş bolup,
ondan hyzmatdaşlyk, zawodyň täze önümleri barada gyzyklandyk.
— Türkmenistan bilen 20 ýyldan
gowrak wagt bäri hyzmatdaşlyk edýäris. Şu günki sergi-de gatnaşygymyzy netijeli
dowam etdirmek üçin uly mümkinçilik boldy. Bu ýerde biziň 18 sany dermanymyz
hasaba alyndy. Önümlerimiziň hili babatda Russiýada öňdäki orunlarda
durýandygyny aýtmak isleýärin. Mysal üçin, “Dekspantel” — dekspantenol
serişdesi bolan göz geli. Bu dermany dünýäde diňe iki sany kärhana — biz we
Germaniýanyň kompaniýasy öndürýär. Bu örän täsirli derman. Häzirki wagtda ony
Russiýada işjeň paýlaýarys we GDA ýurtlaryna-da ýaýratmagy meýilleşdirýäris.
Şunda bu giň gerimli sergi hem garaşýan netijelerimizi berer — diýip,
tatarystanly hünärmen halkara serginiň guramaçylygyna, onuň köp adamly, gyzykly
geçişine ýokary baha berdi. Munuň özi diňe bir hyzmatdaş kompaniýalar üçin
mümkinçilikleri açmakda däl-de, eýsem, ýurdumyza ýokary hilli önümleri we
hyzmatlary çekmek üçinem serginiň örän wajypdygyny görkezýär.
Arkadag şäheriniň saglyk
edaralarynyň, önümçilik düzümi — «Arkadag Medisina Klasteri Menejment»
kärhanasynyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň diwarlygy hem saglygy
goraýyş ulgamynyň özboluşly ösüş ugry bolup, sergi zalyna aýratyn bezeg berdi.
Ýeri gelende, geçen aýda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasynyň
önümleriniň we çaga iýmitleriniň Moskwada geçirilen gözden geçirilişde «Ýylyň
önümi» atly altyn medala hem-de degişli diploma mynasyp bolandygyny
bellemelidiris. Ýerli önümçiligiň bu ýokary hilli önümleriniň sergide
tanyşdyrylmagy oňa gyzyklanmanyň artmagyna, eksport mümkinçiliklerine ýardam
edýär.
Halkara forumda milli saglygy
goraýşy maksatnamalaýyn esasda ösdürmegiň ähli ugurlaryna degişli
täzeçillikleri görmek bolýar. Bu
önümler we hyzmatlar bilen birlikde, milli saglygy goraýşyň strategiýasyny hem
öz içine alýar. Milli lukmançylygyň strategiýasynyň esasy aýratynlygy onuň
geljegi uly ugurlar boýunça ösdürilýändigi we ösdüriljekdigi bilen baglydyr. Bu
babatda türkmen lukmançylygynyň iň netijeli ösüş ugurlary — sanly lukmançylygy
ösdürmekden, keselleriň öňüni almakdan, sagdyn durmuş ýörelgesini işjeň dowam
etdirmekden, saglyk hyzmatlaryny elýeterli etmekden, şeýle hem halkara
hyzmatdaşlygy ilerletmekden ybaratdyr. Şuňa milli derman serişdeleriniň
önümçiligini hem goşmak bolar. Çünki keselleriň we bejergileriň birnäçe görnüşleri
üçin niýetlenen täsirli derman serişdelerini öz ýurdumyzda öndürmek depginli
ilerledilýär.
Ähli zat bilimden
başlanýar
Bilim — ähli rowaçlyklaryň
gözbaşy. Hut bilmegiň, düşünmegiň, öwrenmegiň hem-de netijeli pikirleri kemala
getirmegiň logikasyndan başlanýan bu düşünje ýaş nesliň il-güne, Watana wepaly,
bilimli we başarnykly kemala gelmeginiň esasynda durýar. Onsoň, iň gowy maýa
goýum — bilime goýlan maýa goýumdyr diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Döwlet
syýasatynda esasy ugurlaryň biri hökmünde milli bilim ulgamy döwrüň talabyna
laýyklykda ösdürilýär. Çünki bilim ulgamynyň toplumlaýyn esasda
kämilleşdirilmegi ykdysadyýetiň geljegini kesgitleýär. Täze hünärleriň ýüze
çykmagy bilen, zehinli, işine ökde, başarjaň hünärmenlere bolan zerurlyk
ýylsaýyn artýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ýokary hünär bilimi köpugurly
ilerledilýär. Halkara forum bu ugurdaky gazanylan netijeleri özünde jemleýär.
Sergi zalynda bilim ulgamyna
degişli diwarlyklarda innowasion özgertmeler, tehnologik täzeçillikler, sanly
bilimde ýetilen sepgitler tanyşdyryldy. Ýaş nesle bilim bermekden başlap, ylmyň
dünýäsine çuňňur aralaşyp, täze ylmy açyşlary durmuşa geçirmäge çenli ýoly
beýan edýän bu diwarlyklar, halkara ylmy maslahatda öňe sürlen pikirlerdir
garaýyşlar özara baglanyşykly bolup, türkmen ykdysadyýetiniň bilim binýadynyň
berkdigini äşgär edýär. Bu ýerde Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Belarusuň,
Russiýanyň we beýleki birnäçe ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okamak
mümkinçiliklerini hödürleýän diwarlyklarda degişli wekiller bilen söhbetdeş
bolanymyzda, olar türkmen ýaşlarynyň galabasynyň daşary ýurtlarda şu günüň iň
zerur hünär ugurlary boýunça okap bilim alýandygyny nygtadylar: IT ulgam, emeli
aň tehnologiýalary, biotehnologiýalar we genetika, sanly ykdysadyýet we maliýe
tehnologiýalary, robototehnika, lukmançylyk...
Her bir raýaty çagasynyň
bilim-terbiýe alyp, ussat hünärmen bolup ýetişmegini durmuşynda iň uly bagt
hasaplaýan ýurtda bilim geçmişden gözbaşly ugurlaryň biri. Häzirki döwürde bu
gadymy tejribe döwrebap ýörelgeler bilen sazlaşykly dowam etdirilýär.
Energetika, ulag, senagat, söwda, ylym-bilim, medeniýet ýaly ulgamlarda ýerli
hünärmenlerimiz yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant
goşýarlar, ykdysadyýetiň täze hünär ugurlaryny dessin özleşdirýärler. Täze
hünär ugurly ýokary okuw mekdepleriniň açylyp ulanmaga berilmegi ýokary hünär
taýýarlygyny üpjün edýär.
Ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleri sergä öz diwarlyklary bilen gatnaşyp, soňky ýyllarda gazanylan
üstünlikler bilen tanyş etdiler. Türkmen talyplarynyň işläp taýýarlan
tehnologik enjamlaryny, robotlaryny, dürli ugurlara degişli programma
üpjünçiliklerini göreniňde, ilki bilen, olaryň ýylsaýyn artýandygy ünsüňi
çekse, ýene bir tarapdan, olaryň emeli aň, «akylly» tehnologiýalar, zatlaryň
interneti, bulut tehnologiýalary ýaly iň döwrebap we geljegi uly ugurlar
boýunça taýýarlanandygy buýsandyrýar. Bu täzeçillikler ykdysadyýetiň geljekki
ösüşiniň ylmy, tehniki, tehnologiki esaslaryny emele getirýär.
Sport —
sagdynlygyň girewi, durmuşyň işjeňligi
Halkara serginiň we ylmy
maslahatyň ýene bir ugry bolan sport ulgamynda durmuşa geçirilýän özgertmeler,
gazanylýan üstünlikler bir makalada beýan ederden juda köpdür. «Türkmenistanda
2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamak hem-de ösdürmek
boýunça Milli maksatnama» esasynda amal edilýän işler halkara derejeli,
professional türgenleriň täze nesliniň kemala gelmegine ýardam edýär. Sergi
zalynda giňden tanyşdyrylýan sportda gazanylan netijeleriň artýandygyna
kuboklardyr medallaryň uzyn hataryna nazar aýlanyňda-da aýdyň göz ýetirýärsiň.
Sport — bu jemgyýetimiziň
sagdynlygy üçin, her birimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sagdyn
geljegi döretmegimiz üçin zerur gymmatlykdyr. Bu ugurdaky tejribe Milli
Liderimiziň başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň
mümkinçilikleri netijesinde diňe bir ýurduň ýa sebitiň çäginde däl-de, bütin
dünýäde belent abraýa eýe boldy. Türkmenistany sporty goldaýan ýurt hökmünde
BMG we beýleki halkara guramalar ykrar edýär. Biziň başlangyçlarymyz dünýäde
giňden makullanylýar, biragyzdan kabul edilýär.
Sport we bedenterbiýe
ulgamynyň ösüşine baha berlende, milli tejribäniň yzygiderli kämilleşýändigini,
ýurdumyzyň halkara ýaryşlaryň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde
abraýynyň barha artýandygyny, sport görnüşleriniň özleşdirilýändigini, ösen,
dünýä standartlaryna kybap gelýän döwrebap infrastrukturanyň döredilendigini,
ýaş olimpiýaçylaryň ýyl-ýyldan has kämil nesliniň kemala gelýändigini, sportuň
agyr atletika, söweş sungaty, atçylyk ýaly birnäçe görnüşleri boýunça dünýä
derejeli milli mekdepleriň dörändigini aýdyp bolar. Halkara forum şu
aýdylanlaryň anyk-aýdyň mysallaryny giňden şöhlelendirdi.
***
Sergi işinddiňe bir täze
önümler ýa-da hyzmatlar tanyşdyrylmaýar. Sergiler — ýetilen sepgitler bilen tanyşmak,
ykdysadyýetiň umumy ösüşine nazar aýlamak, öňde goýlan wezipeleriň durmuşa
geçirilişini seljermek, halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek, şeýle-de
pikir we tejribe alyşmak üçin hem örän uly ähmiýete eýe bolan meýdançadyr.
Ýokary guramaçylyk derejesinde we üstünlikli geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim
we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara
sergi we ylmy maslahat munuň nobatdaky aýdyň mysaly boldy.
Annaguly
IŞANGULYÝEW.
Çeşme: «Türkmenistan» gazeti. 13.10.2025