Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň
gerimli maksatnamalar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyryp,
döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has artdyrýar.
Türkmen halkynyň
Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk bagtymyz» atly eserinde
nygtaýşy ýaly: «Telekeçilik işi Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna
goşulyşmagyna, işiň öňdebaryjy usullaryna geçmäge ýardam edýär. Şonuň üçin
döwletimiz hususy telekeçiligi işjeň goldaýar. Bu, hususan-da, ýurdumyzyň
ykdysadyýetiniň oba senagaty, syýahatçylyk, söwda, dokma senagaty, azyk
senagaty, ulaglar, hyzmatlar, gurluşyk senagaty ýaly ugurlaryna degişlidir».
29-njy aprelde
paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda öz işine başlan «Halkara söwda we
hyzmatlar» atly sergi-ýarmarka hem-de «Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk
gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahaty hem ýurdumyzy senagat taýdan
ösen ýurda öwürmek, azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň
ornuny tutýan önümleriň önümçiliginiň möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny
kämilleşdirmek, ilatyň gündelik sarp edilýän harytlara bolan islegini
kanagatlandyrmak ýaly wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde gazanylan
üstünlikleriň aýdyň dabaralanmasy boldy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň şanly wakalaryny baýlaşdyran bu çäre Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn
Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä
derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat
strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändiginiň hem nobatdaky beýany boldy.
Ýeri gelende
bellesek, 14-nji aprelde Ýaponiýa döwletiniň Osaka şäherinde açylan, 2025-nji
ýylyň 13-nji oktýabryna çenli dowam edýän «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde
Türkmenistanyň milli pawilýony öz işini üstünlikli alyp barýar. Çünki Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli
güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşmagy bu ugurdaky işleri has
işjeňleşdirdi.
Bu pudagyň işiniň
yzygiderli kämilleşmegine ýardam edýän «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet
tarapyndan goldamak hakynda», «Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesi hakynda», «Telekeçilik işi
hakynda», «Söwda işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we bu ugurdaky
kanunçylyk namalary ulgamyň kämil hukuk binýady bolup hyzmat edýär.
Hut şonuň
netijesinde hem Diýarymyzda kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmekde amatly
hukuk, ykdysady, maliýe şertleri döredi. Salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmegini,
telekeçilik işini hasaba almak we ygtyýarlandyrmak tertibiniň
ýeňilleşdirilmegini, hususy önüm öndürijileriň öz harytlaryny daşary ýurtlara
eksport etmekleri üçin gümrük işleriniň çaltlandyrylmagyny, ýeňillikli karz
serişdeleriniň bölünip berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
2008-nji ýylyň
17-nji martynda Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen eýeçiligiň hususy
görnüşiniň esasynda işini amala aşyrýan senagatçylary we telekeçileri
birleşdirýän jemgyýetçilik guramasy — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmegi bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli önümçilik
pudaklarynyň eksport mümkinçilikleriniň artandygyna, importyň ornuny tutýan
önümleriň öndürilişiniň bolsa has-da köpelendigine göz ýetirýäris. Milli
Liderimiziň beýik tagallalary bilen dag-magdan pudagy, elektron senagaty ýaly
döwletimiz üçin bütinleý täze pudaklaryň kemala gelmeginde we ösmeginde ýurdumyzyň telekeçileriniň hem mynasyp
goşantlarynyň bardygy diýseň buýsandyrýar.
Hormatly
Prezidentimiziň bu halkara çärä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda hem nygtalyşy
ýaly: häzirki döwürde Türkmenistanyň
ykdysady ösüşiniň ylmy çemeleşmä, hojalygy netijeli ýöretmäge we
meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu
strategiýa ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga, diwersifikasiýalaşdyrmaga we
sanlylaşdyrmaga, iň täze tehnologiýalary, innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga,
döwletimiziň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ulgamyna işjeň goşulyşmagyna, ilatyň
ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly
Prezidentimiziň goldawy bilen Arkadag şäherinde
döredilen «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy tarapyndan
öndürilýän çaga iýmitleriniň, lukmançylyk we arassaçylyk işlerinde ulanylýan
serişdeleriň dünýä bazarynda hyrydarlarynyň barha artmagy hem onuň guwandyryjy
mysallaryndandyr. Bu kärhananyň önümlerine «Hil menejmentiniň ulgamy» diýen
ugur boýunça TDS ISO 9001 güwänamasynyň berilmegi olaryň hiliniň ýokarydygyny
tassyklaýar. Milli ykdysadyýetimiziň batly depginler bilen diwersifikasiýa
usulynda durnukly ösmegi bolsa «Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine
oňyn şertleri döredýär.
Ýurdumyzda söwda
we telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususy pudagyň milli
ykdysadyýetimizde eýeleýän ornuny artdyrmak babatda beýik işleri durmuşa
geçirýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt,
umumadamzat ähmiýetli tagallalary hemişe rowaç bolsun!
Saparmyrat OWGANOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.
Çeşme:https://turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/191735