Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

Makalalar

Bal süýji – baldan-da «Balam» süýji

10.04.2025
466
Card image cap

2025-nji ýylyň 3 - 7-nji fewraly aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde azyk, konditer önümlerine bagyşlanan «Prodekspo-2025» atly halkara sergisi geçirildi. Sergä dünýäniň 36 ýurdundan 1835 kompaniýa gatnaşdy. Şol sanda Türkmenistandan telekeçi Amandursun Begjanowa «Balam» haryt nyşanly konditer önümleri boýunça sergi pawilýony bilen gatnaşdy hem-de serginiň çäklerinde geçirilen bäsleşik esasynda «Ýylyň iň gowy önümi» baýragyna, ýagny altyn medala eýe boldy. Biz hem hut şu mynasybetli «Balam» kärhanasynyň wekili Jennet Hydyrowa  bilen gürrüňdeş bolmagy makul bildik.

­– Ilki bilen, siziň kärhanaňyzy halkara baýragyna mynasyp bolmagy bilen ýürekden gutlaýarys. Bilşimize görä, bu siziň ilkinji ýeňşiňiz däl.

 Köp sag boluň, dogry aýdýarsyňyz, biz eziz Watanymyza eýýäm üçünji gezek  altyn medal getirýäris. 2023-nji ýyldan bäri biz «Prodekspo» halkara sergisine yzygiderli gatnaşyp gelýäris we her ýyl hem  ýeňiş bilen dolanýarys. Geçen ýyl biz 5 altyn medala mynasyp bolduk. Onlarça döwletden gelen konditer önümleriniň ussatlaryndan saýlanyp-seçilmek, ýeňijiler yglan edilende Türkmenistanyň adyny ýaňlandyrmak biziň üçin uly buýsanç.

­–  «Balaly öý - bazar» diýlipdir, ýogsa-da «Balam»  haçan bazara  çykdy?

– «Balam» haryt nyşanly konditer önümleri kärhanamyz 2016-njy ýylda maşgala işi hökmünde döredildi. Ilki diňe çaga oýunjaklaryny öndürýärdik. Soňra çörek we bulka, konditer önümlerini öndürmäge ýöriteleşdik.  Häzirki wagtda bu önümlerimiziň halk içinde uly islegden peýdalanmagy netijesinde işimizi giň gerimde alyp barýarys.

–  Kärhanaňyza «Balam» adyny saýlap-seçmegiňiziň sebäbi hakynda aýdaýsaňyz?

– «Bal süýji, baldan-da bala» diýilýär. Şonuň  üçinem, baldan süýji tagamlarymyzy,  «balam»  diýen iň şirin söz bilen baglanyşdyrdyk.

 Önümleriňiziň köpüsi milli atlary bilen ünsüňi özüne  çekýär. Ady önümiňize görä saýlap-seçýärsiňizmi ýa-da ada görä önüm taýýarlaýarsyňyzmy?

 – Gyzykly sowal. Bitaraplyk baýramçylygymyza bagyşlap öndüren önümimize «Bitaraplyk», Nowruz baýramçylygyna taýýarlan epmämizi «Nowruz» diýip atlandyrdyk. «Garagum» kökämiz bolsa owranýan köke bolany üçin, esasy düzümine görä adyna eýe boldy.

«Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýilýär. «Prodekspo-2025» halkara sergä gatnaşan gaýry ýurtly myhmanlar önümleriňizi dadyp görüp, nähili baha berdiler?

– Sergä gelenler künjüli grilýažymyzy dadyp,  «Aperin, munuň tagamlydygyny, biz beýle üýtgeşik  datly önüme ilkinji gezek gabat gelýäris» diýýärler. Sebäbi biziň halkymyz künjüden tagamy aýratyn gowy görýär. Biziň grilýažymyz hem şol tagama juda meňzeş. Biz muny şol künjüli tagamdan ylham alyp döretdik diýsegem bolýar.  Süleden taýýarlanan kökämiz üçin bolsa: «Bäh, bu tagam bize çagalygymyzy ýatlatdy» diýip, sagbolsun aýdýarlar. Olar biziň  myhmansöýerligimize haýran galýarlar. Sebäbi sergide milli däp-dessurlarymyza eýerip, diwarlygymyza gelenlere gök çaý bilen naz-nygmatlarymyzy hödürleýäris.

Halkara sergide diňe tagamlaryňyzy däl, eýsem milliligimizi, edim-gylymlarymyzy hem dünýä görkezýändigiňiz juda guwandyryjy. Şeýle halkara sergilere gatnaşmagyňyz daşarky bazarlarda konditer önümleriňiziň hyrydarlarynyň artmagyna nähili täsir edýär?

– Ýurdumyzda hem daşary ýurtlarda guralýan halkara sergilerine  gatnaşmagymyz bilen «Balam» haryt nyşanly önümlerimiziň   halkara bazarynda mynasyp ornuny tapandygyny buýsanç bilen aýdyp bileris.  Häzirki wagtda kärhanamyzyň ýokary hilli önümleri Russiýa Federasiýasyna, Özbegistana, Gazagystana hem-de Täjigistana eksport edilýär. «Prodexpo» sergisi bolsa konditer önümleriniň önümçiligi bilen meşgullanýan kärhananyň bu ugurdaky mümkinçilikleriniň has-da giňemegini şertlendirdi. «Balam» kärhanamyz konditer önümlerini Gruziýa hem-de Azerbaýjana eksport etmek boýunça şertnamalary baglaşdy.

Aslynda, türkmen gelin-gyzlarymyz gatlaklynyň ussady. Siz konditer önümleriňizde hem  epmeli görnüşlere aýratyn üns berýän ekeniňiz.

– Sebäbi epmeli görnüşler adaty süýjüliklere, biskiwitlere garanyňda, uzak möhletläp tagamyny saklaýar. Biziň ene-mamalarymyzyň ýörite uzak möhlete saklanmaga ukyply  çörekleri taýýarlaýşy ýaly, epmeler 12 aýa çenli möhletli bolup,  toý saçaklaryny bezemek üçin islendik pursatda dadyňa ýetişýär.

– Özüňiz haýsy önümiňizi aýratyn gowy görýärsiňiz?

Hemmesini gowy görýärin. Ýöne her ertirligimde şokaladly kurasan hökman bolaýmaly. Gyzgynjak wagty böleniňde, içiniň şokalady eräp, şeýle bir lezzetli bolýar.  Onsoňam, biziň öndürýän ýarym taýýar hamyr önümlerimiz üçin zenanlarymyz mydama hoşallyklaryny bildirýärler.  Sebäbi myhman-mediwan gelende ýa işden gyssagly gelip, aşhana geçeniňde, taýýarjak gatlakly hamyryň bolmagy işiňi ýeňilleşdirýär.

– Üýtgeşik tagamlaryňyzyň awtory kimler?

– Biziň aglabasy  gelin-gyzlardan ybarat bolan  örän başarnykly tehnologlarymyz bar.   Iň guwandyryjy ýeri, olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda-kooperatiw mekdebiniň uçurymlary.  Olar ilki bizde işläp, işiň juda gyzyklydygyna göz ýetirip, jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy ugrundan bu mekdebe okuwa girdiler. Häzirki wagtda bolsa yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.  Umuman, biziň kärhanamyz 200-den gowrak adamyň agzibirlikde çekýän zähmetiniň gaýnap-joşýan ýeri.

– Siziň pikriňizçe üstünligiň syry nämede?

Üstünligiň baş sebäbi Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçiler üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinde jemlenýär. Yhlasly zähmet, Watana söýgi, Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödemek üçin agzybirlikde topar bolup işleşmegi başarmak hem rowaçlyga iterýär.

Häzirki zaman konditer bazaryny näme tapawutlandyrýar? Konditer kärhanasy  haýsy talaplary berjaý etmeli?

Elbetde, esasy talap baha bilen hiliň arasyndaky deňagramlylykmyka  diýip pikir edýärin. Ýokary hil, datly tagam, elýeterli baha – müşderiniň islegini kanagatlandyrmak üçin esasy zerurlyk. Şeýle-de görnüşleriň bollugy hem örän ähmiýetli. Mysal üçin, biz çörek we bulka önümleriniň birnäçe görnüşinden daşgary, ýarymaý, gelin barmak, balykgulak, alaja, näzli, huruşly köke ýaly görnüşleri hem öndürip içerki bazarlara çykarýarys. Şeýle-de kurasan we ýarym taýýar doňdurylan hamyrlary, şokolad pastasyny, kibirdeýän taýajyklary hem öndürýäris.  Konditer önümleri kärhanasynyň işi juda lezzetli. Sebäbi biz datly tagamlar bilen naz-nygmatly desterhana lezzet goşýarys, toý saçaklaryny bezeýäris. Ynsanlaryň süýji günlerine süýjlik bilen goşant goşmak aýratyn ýakymly.

Hut şonuň üçinem  döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýarys. Goý, janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumlary elmydama rowaç bolsun!

Aýdanyňyz gelsin! Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, siziň konditer önümleriňiz çaý başynyň melhemi hem ylhamy bolsun!

    Söhbetdeş bolan: Gülnabat BEGENJOWA

 

                                                                    Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                    Metbugat gullugy bölüminiň başlygy

                                                                     Çeşme: «Biznes reklama» gazeti

                                                                     2025-nji ýylyň 17-nji marty



Bulary hem okaň