Türkmenistanda 2021-nji ýylda aýlyk haklary 10% ýokarlanar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen giňişleýin mejlisiniň barşynda  halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetirilen işleriniň jemleri jemlenildi, Prezident maksatnamasynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi ara alyp maslahatlaşyldy we geljek döwür üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitlenildi. Bu barada TDH habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, wise-premýer Gadyrgeldi Müşşikow şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 5,8% deň boldy.

Hasabata görä, ýanwar-sentýabr aýlarynda 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,  öndürilen önümiň mukdary 4,2% artdy.

Hasabat döwründe bölek-satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,4% artygyny, iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4% ýokarlanandygyny, şeýle hem Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 22,2 milliard manada deň boldugyny wise-premýer habar berdi.

Şeýle-de 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklaryny, pensiýalary, talyp we diňleýji haklaryny hem-de döwlet kömek pullaryny 10% ýokarlandyrmak üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe-hojalyk işiniň deslapky hasaplamalary barada hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, degişli Karara gol çekdi.

www.business.com.tm