Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, serginiň çäklerinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň, şol sanda döwlet we hususy kärhanalarynyň gazanýan üstünliklerini, milli ykdysadyýetimiziň köpugurly kuwwatyny we pudaklaryň sazlaşykly ösüşini beýan edýän bölümleriň 70-den gowragy gurnalar.

Şeýle-de «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.