Türkmenistanyň Prezidentiniň BSG-nyň Baş direktorynyň adyna iberen haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji mejlisiniň resminamasy hökmünde beýan edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen tekliplerine doly laýyk gelýändir.

Bu yzygiderli ädimlerden ugur alyp, ýurdumyzyň Hökümeti, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň edarasy bilen ýakyn hyzmatdaşlykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy işlenilip düzüldi. Bu strategiki resminama, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisiniň barşynda kabul edildi.

www.mfa.gov.tm