Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Türkmenistan «EXPO 2020» sergisine gatnaşmaga çagyryş aldy

15-nji sentýabrda Türkmenistanyň paýtagtynda webinar geçirildi. Ol 1-nji oktýabrda Dubaýda(Birleşen Arap Emirlikleri) «EXPO 2020» sergisiniň dabaraly açylyşy mynasybetli BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guraldy. 

Webinara türkmen tarapyndan Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Söwda-senagat edarasynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. 

Çäräni açmak bilen BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi, jenap Ahmed Al-Haý Al-Hameli çykyş etdi. Ilçi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ýetip gelýän şanly 30 ýyllyk baýramy bilen gutlady. 

BAE-niň Türkmenistandaky diplomatik gullugynyň başlygy webinara gatnaşyjylary Dubaýda geçirilýän sergi bilen wirtual syýahat arkaly tanyşdyrdy.

Iri halkara sergisi «Akyly birleşdirmek arkaly geljegi döretmek» ugruna bagyşlanyp, onuň çäklerinde ýene üç ― «Mümkinçilikler», «Ykjamlyk», «Durnuklylyk» ugurlary boýunça sergiler guralýar.

«EXPO 2020» sergisine 190-dan gowrak döwletiň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Sergide Türkmenistanyň diwarlyklary «Ykjamlyk» atly ugur boýunça ýerleşdiriler. 9-njy oktýabrda görkezişleriň ählisi biziň ýurdumyzyň üstünliklerine bagyşlanar. 

Halkara sergi 2022-nji ýylyň 31-nji martynda tamamlanar.