Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Türkmen işewürleri türkmen-rus işewür-forumyna gatnaşmaga çagyryldy

20-nji oktýabrda onlaýn görnüşinde «Hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çagyryşlar we mümkinçilikler» atly türkmen-rus işewürlik forumy geçiriler. 

Bu çäräniň maksady Türkmenistanyň we Russiýanyň iş toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekden we berkitmekden ybaratdyr. Ikitaraplaýyn işewürlik forumy senagat önümçiligi, oba hojalygy, logistika, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalaryň ösüşi ugurlarynda türkmen-rus kompaniýalarynyň  hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýän meýdança öwrüler. 

Göz öňünde tutulan maksatnama bilen «konferensiýa» bölüminde tanşyp bilersiňiz.

Foruma gatnaşmak üçin şu elektron salga arza bilen ýüz tutup bilersiňiz: ccitm.int@gmail.com

Goşmaça maglumatlar üçin telefon belgileri: +99312 398895, +99312 398897.