Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Habarlar

Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygy dürli ugurlarda  hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürýär

27-nji iýulda Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň wezipä  täze bellenen Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýdi kabul etdi.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň  Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we  Saud Arabystany Patyşalygynyň dipmissiýasynyň ýolbaşçysy   hyzmatdaşlygyň birnäçe ugurlary, hususan-da söwda-ykdysady, syýasy, medeni-ynsanperwer ugurlar  boýunça pikir alyşdylar.     

Said Osman Ahmed Suweýdi tutuş dünýäde bolşy ýaly, Saud Arabystanynda hem Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny hem-de ýurdumyzyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge oňyn çemeleşmelerini goldaýandyklaryny nygtady. Şeýle-de diplomat Saud Arabystanynyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen söwda-ykdysady  gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge  uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-saud toparynyň işi hem öňde goýlan belent maksatlara ýetmäge gönükdirilendir. 

Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň  geljegi uly hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda  ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary we beýleki ugurlaryň birnäçesi görkezildi.