Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Agzalylyk

Nädip Türkmenistanyň SSE agzasy bolmaly?

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyndaky agzalyk - meýletindir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň düzüminde  ministrlikler, edaralar, banklar, kärhanalar, guramalar, telekeçiler, daşary ýurt kompaniýalar, bilelikdäki kärhanalar bardyr.

Türkmenistanyň SSE  bolmak üçin aşakda görkezilen resminamalary bermelidir:

Türkmenistanyň guramalary we kärhanalary üçin:

  • Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hakyky agzalarynyň hataryna girmek boýunça arza, rekwizitleri bellemek bilen;
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin şahadatnama (eger bar bolsa);
  • Türkmenistanyň KGBDS göçürme (Türkmenistanyň rezidentleri üçin);
  • Döwlet tarapyndan hasaba alnandygy we Bitewi döwlet sanawyna girizmek hakynda şahadatnama (Türkmenistanyň rezidentleri üçin);
  • Kärhananyň Düzgünnamasy (Türkmenistanyň rezidentleri üçin);
  • Giriş agzalyk gatanjynyň tölenendigi hakynda töleg tabşyrygy (ählisi üçin).

Şahsy taraplar üçin:

  • Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hakyky agzalarynyň hataryna girmek boýunça arza, rekwizitleri bellemek bilen;
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin şahadatnama (eger bar bolsa);
  • Hususy telekeçi tarapyndan bellenilen patent töleginiň tölenendigi hakynda patent;
  • Hususy telekeçiniň hasaba alnandygy hakynda şahadatnama (şahsy taraplar üçin);
  • Telekeçiniň bitewi statistiki kodlaryny bermek hakynda habar beriji hat (DYŞ alyp barýan şahsy taraplar üçin);
  • Şahsy tarapyň salgyt hasaba alyşy hakynda şahadatnama;
  • Giriş agzalyk gatanjynyň tölenendigi hakynda töleg tabşyrygy.

Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hakyky agzalarynyň hataryna girmek boýunça arzadan başga ähli resminamalaryň nusgalary berlip bilner. Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hakyky agzalary öz agzalygy üçin giriş we ýyllyk gatançlaryny töleýärler.

Daşary ýurtly guramalar üçin:

  • Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynyň hakyky agzalarynyň hataryna girmek boýunça arza, rekwizitleri bellemek bilen (ählisi üçin);
  • Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny amala aşyrmak üçin şahadatnama (eger bar bolsa);
  • Türkmenistanyň KGBDS göçürme (Türkmenistanyň rezidentleri üçin);
  • Telekeçiniň bitewi statistiki kodlaryny bermek hakynda habar beriji hat (DYŞ alyp barýan şahsy taraplar üçin);
  • Türkmenistandaky wekiliýeti ýa-da şahamçasy hakynda düzgünnama;