Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň: tkenru

Baş sahypa

Ýüzlenme

Gadyrly telekeçiler!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasyna hoş geldiňiz.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda häzirki zaman bazar ykdysadyýetiniň hereketlendiriji güýji bolan hususy pudagyň netijeli we çalt ösmegi üçin iň amatly şertleri döretmekden maksatly syýasat alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bu meseleleriň çözülmeginde möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň kärhanalaryny dünýä söwda ulgamyna goşmak we ýurdumyzda öndürilýän önümlerine daşary ýurt kompaniýalarynyň ünsini çekmek üçin kiçi we orta kärhanalara goldaw bermäge işjeň gatnaşýar.

Edaramyzyň agzalyk bazasynyň Türkmenistanyň öňdebaryjy ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, banklardan, kärhanalardan, kompaniýalardan, firmalardan, aýry-aýry telekeçilerden, bilelikdäki we golçur kärhanalaryndan, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilhanalaryndan hem-de şahamçalaryndan ybaratdygyny bellemek bilen buýsanýarys.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň agzalary milli önüminiň esasy bölegini - nebit, gaz, pagta, elektrik, dökünler, dokma, ýüň, bagana, himiýa önümlerini we maşyn gurluşygyň önümlerini, haly hem-de haly önümlerini öndürýändigini bellemelidiris.

Söwda-senagat edarasynyň agzalarynyň sanynyň günsaýyn artýandygyny biz üçin bellemek ýakymly, bu bolsa agzalarymyzyň öňünde has uly jogapkärçiligi öz üstüne alýar.

Häzirki wagtda, hyzmatlary giňeltmek we berilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak üçin Edaramyzyň we degişli kärhanalarynyň hünärmenlerinden öz wagtynda işewür toparlaryň wekilleri we daşary ýurt maýadarlary başarnykly kömek alyp biler ýaly işjeň işleýär.

Söwda-senagat edarasynyň resmi web sahypasy, edarananyň agzalary - işewür guramalar we hyzmatdaşlar, şol sanda daşary ýurtlylar bilen yzygiderli aragatnaşyny saklamak üçin gurallaryň biri bolup hyzmat edýär.

Bu ýerde telekeçilik işiniň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýan islendik soragy berip bilersiňiz, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bolup geçýän täjirçilik pudagyndaky soňky wakalar bilen tanşyp bilersiňiz, şeýle hem telekeçilik pudagynda kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy resminamalar barada möhüm maglumatlary alyp bilersiňiz.

Geljekdäki işiňizde peýdaly boljak köp gyzykly maglumatlary taparsyňyz diýip umyt edýäris.

Sözümiziň ahyrynda, sahypamyza girýänleriň hemmesine saglyk, abadançylyk we işde üstünlik arzuw edýäris. Biz elmydama Siz bilen.

Üns bereniňiz üçin sag boluň.