Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Dekabrda türkmen paýtagtynda eýran senagatynyň sergisi guralar


4 — 6-njy dekabr aralygynda Aşgabatda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisi guralar. Şeýle hem türkmen-eýran hökümetara toparynyň mejlisi geçiriler. Bu barada IRIB news habar berýär.

Bu iri çäreler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedwoyň başlangyjy bilen geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýakynda Tegeran şäherine bolan saparynyň barşynda iki goňşy döwletleriň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek maksady bilen, Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisä paýtagtymyzda Eýranyň senagat harytlarynyň sergisini guramak teklip edildi. 

Sergini guramak bilen bagly meseleler Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Eýranyň daşary işler ministriniň ykdysady diplomatiýa boýunça orunbasary Mehdi Safariniň arasynda bolan duşuşygyň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy.