Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81
Habarlaşmak
|
Dil saýlaň
2022-nji ýylyň 26-27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň paýtagtynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly nobatdaky XXVII halkara maslahat geçiriler. Ol «Türkmengaz» we «Türkmennebit» konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen «Türkmenforum» hojalyk jemgyýeti tarapyndan Britaniýanyň GaffneyCline kompaniýasynyň howandarlygynda guralar. Bu barada halkara çäräniň guramaçylarynyň saýtynda habar berilýär.
Maslahat Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriler. Maslahatyň çäklerinde halkara we milli nebit kompaniýalarynyň, guramalaryň hem-de maliýe institutlaryň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda görkezilişleriňdir mowzuklaýyn mejlisleriň birnäçesine giň gerim berler.
Maslahat we onuň çäklerinde guraljak çäreler garyşyk — onlaýn we oflaýn tertibinde bolar.
Halkara maslahat barada has giňişleýin maglumaty almak üçin onuň guramaçylaryň www.ogt-turkmenistan.com saýtyna ýüzlenip bilersiňiz.