Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda zähmet haklary iki essä golaý ýokarlanar


Türkmenistany 2022–2028 ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli ýurtda zähmet haklaryny 1,8 esse ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu barada GDA-nyň internet-portalynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine salgylanmak bilen habar berilýär. 

Zähmet haklarynyň ýokarlandyrylmagy Maksatnamada göz öňünde tutulan çäreleriň — eksport ugurly önümleri öndürýän täze kärhanalaryň gurulmagynyň, haryt-dolanyşygynyň, ulag-aragatnaşyk we beýleki ulgamlaryň ösdürilmeginiň hasabyna durmuşa geçiriler. 

Habarda «Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijesinde ýakyn ýedi ýylyň dowamynda 30 müňe golaý täze iş orunlary döredilmelidir. Ýaşaýyş jaýlarynyň adam başyna düşýän umumy meýdanyny 102,2% ýokarlandyrmak meýilleşdirilýär» diýip bellenilýär.

2028-nji ýyla çenli Türkmenistanda döwrebap hassahanalaryň 10-sy, mekdebe çenli edaralaryň 40-sy, umumy bilim berýän orta mekdepleriň 54-si we ýokary okuw mekdepleriniň 4-si gurlar. Bu taslamalaryň durmuşa geçirilmegi we ýurduň durmuş-ykdysady ösüşi üçin 278,9 milliard manada golaý serişde sarp ediler.