01.10.2019. Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisi tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Mejlisiň Başlygy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary bilen bilelikde Aşgabadyň merkezi boýunça pyýada gezelenç edip, onuň abadançylygyna hem-de bagy-bossanlyga öwrülmegine üns berdi. Paýtagtymyzyň daşky keşbi onuň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady we medeni durmuşyň, halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmündäki derejesini şöhlelendirmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we hökümet agzalaryna degişli görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, şäherde döwrebap we oňaýly gurşawy döretmek meseleleri onuň ekologiýa abadançylygynyň derejesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Aşgabadyň ähli künjeklerinde arassaçylygy we düzgün-tertibi üpjün etmek hem hökmany talap bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz okgunly ösýän paýtagtyň keşbiniň özgerýändigine garamazdan, şäheriň taryhy merkeziniň özüniň özboluşlylygyny saklaýandygyny belläp, ýetginjeklik we talyplyk ýyllarynda bu ýere ýygy-ýygydan gelýändigini ýatlady. Ýerli oňaýly seýilgähde baglaryň saýasynda dynç almak hem-de kitap okamak bilen meşgullanmak bolýardy.

01.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň dokuz aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, şeýle hem döwletiň içeri syýasatynyň wajyp wezipeleri bilen baglanyşykly hem-de birnäçe guramaçylyk meseleleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz bilelikdäki mejlisiň gün tertibini yglan edip, ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe söz berdi. Ý.Berdiýew harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem milli howpsuzlyk ministri ýurdumyzda durnuklylygy, kanunylygy we tertip-düzgüni üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada habar berdi. Hasabatda döwlet Baştutanymyzyň harby we hukuk goraýjy düzümleri üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleler beýan edildi.

30.09.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýolbaşçysynyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine ýakynda geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi, şeýle hem käbir beýleki meseleler bilen bagly wezipeler girizildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa parlamentiň deputatlarynyň alyp barýan işleri barada habar berdi. Hususan-da, Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda uly üstünlik bilen geçirilen Halk Maslahatynda kabul edilen kararlary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynda döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly Esasy Kanuna — Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak we umumylaşdyrmak maksady bilen, döwlet Baştutanymyz Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

29.09.2019. Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna baryp, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy we atly gezelenç etdi.
Bu ýerde milli Liderimiz bedewleriň idedilişi hem-de ýagdaýy, aýratyn-da, çapyşyga gatnaşýan atlaryň seýislenişi bilen gyzyklandy.
Döwlet Baştutanymyz «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy» diýen paýhasly jümlä eýerip, Şapolat atly bedew bilen didarlaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmek, at çapmak we atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň ösdürilişi bilen gyzyklanmaga wagt tapýar.
Behişdi bedewler gözelligi hem-de nepisligi, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen şahyrlar we ýazyjylar, suratkeşler üçin asyrlaryň dowamynda ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Dünýä peşgeş berlen bu täsin gudrat daşary ýurtly alymlaryň we atşynaslaryň ünsüni hemişe özüne çekýär.
Asyrlaryň we müňýyllyklaryň dowamynda ady rowaýata öwrülen bedewleriň şanyna aýdylan öwgüli sözleriň san-sajagy ýokdur! Atlar asyllylygy, mähirliligi, akyl-paýhasy we örän ýakymly häsiýetleri bilen tapawutlanýar.

28.09.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar, «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen tehniki kükürt BAE-den we Türkiýeden gelen işewürleriň geleşikleriniň esasyny düzdi. «Türkmensenagat eksport-import» açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamidi bolsa Panamanyň işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gonkongdan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, portlandsementi, nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 22 million dollaryna golaý boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Türkiýeden gelen telekeçiler jemi bahasy 4 million 544 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 2 million 820 müň manatlyk «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Государственное информационное агентство Туркменистана

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!