26.10.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 55-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şweýsariýadan, Maltadan, Özbegistandan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, yşyklandyryjy kerosini, nebit bitumyny, binýatlyk ýagy, peç ýangyjyny satyn aldylar. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen nebit bitumy we “Türkmensenagat eksport-import” açyk paýdarlar jemgyýetiniň önümi bolan karbamid Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Şeýle hem BAE-niň işewürleri uly göwrümli plastik gaplary satyn aldylar.
Bulardan başga-da, ABŞ-dan, BAE-den, Türkiýeden, Gonkongdan, Irlandiýadan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna nah ýüplügi we maşyngurluşyk önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 34 million 447 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gazagystandan, Gonkongdan, Pakistandan we Ermenistandan gelen telekeçiler bahasy 25 million manada golaý nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 1 million 417 müň manatlykdan gowrak pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

25.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baku şäherinde geçirilýän Goşulyşmazlyk hereketine agza ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň XVIII Sammitine gatnaşmak üçin iş sapary bilen Azerbaýjan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
Türkmenistan parahatçylyk söýüji hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen umumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän sebit we ählumumy derejedäki giň netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş edýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan netijeli strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri halkara guramalary we düzümleri bilen işjeň özara hyzmatdaşlyk etmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Goşulyşmazlyk hereketi hem bar.
1961-nji ýylda döredilen bu gurama häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde ýerleşýän 120 döwleti özüne birleşdirip, harby-syýasy toparlara gatnaşmazlyk we döwletleriň hem-de halklaryň parahatçylykly ýaşamak ýörelgeleri ugrunda çykyş edýär. Şunda bu iri birleşmäniň ýanynda döwletleriň 17-siniň, şeýle hem abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýlekileriň synçy derejesi bardyr.

2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Tokioda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde, taraplaryň köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge bolan tagallalaryny berkiden ikitaraplaýyn resminamalara gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Olaryň hatarynda: “Ýer gazyjy tehnikasyny satmak we satyn almak boýunça Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen «Itochu Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndaky Baş ylalaşyk”, “Awtoulag serişdelerini satyn almak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasyndaky Baş ylalaşyk”, “Gazy gaýtadan işläp benzin öndürýän häzirki zawodynyň netijeleriniň esasynda ikinji toplumynyň taslamasyny düzmek we doly taýýar edip gurmak barada «Türkmengaz» döwlet konserni we «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.»

22.10.2019. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa iş saparynyň şu güni dürli möhüm wakalara baý boldy.
Milli Liderimiziň Günüň dogýan ýurduna şu gezekki sapary netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny görkezýän taraplaryň hoşmeýilli erk-islegine esaslanan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň we strategik häsiýetiniň aýdyň subutnamasydyr.
Häzirki döwürde dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň biri bolan Türkmenistanyň üstünlikleri köp babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň köpüsiniň, şol sanda Ýaponiýanyň milli Liderimiziň başyny başlan giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyz bilen işewür gatnaşyklaryň ugurlaryny giňeltmäge gyzyklanmasynyň barha artmagyna ýardam edýär.
Tokio we Aşgabat ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has amatly ugruny işläp taýýarladylar. Munuň özi ýurtlaryň her biriniň milli bähbitlerini we saýlap alan ýolunyň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, olaryň öňünde durýan wezipeleriň meňzeşligini utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwre çenli iki döwletiň arasynda özara gatnaşyklaryň köp derejeli guraly işlenip taýýarlanyldy. Ol özüne ýurtlaryň Liderleriniň duşuşyklaryny we gepleşiklerini, şeýle hem türkmen-ýapon işewür toparlarynyň gatnaşyklaryny birleşdirýär.

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda «Chinzanso Tokyo» myhmanhanasynda Tokio iş sapary bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Hirosaki Uniwersitetiniň Hormatly doktory diýen akademiki derejesiniň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Hirosaki uniwersitetiniň, beýleki ýapon ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýapon-Türkmen assosiasiýasynyň wekilleri, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.
Hirosaki Uniwersitetiniň rektory Keý Sato şu ýere gelenleriň adyndan Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa ýakymly arzuwlaryny beýan edip, şu duşuşygyň ynsanperwerlik ulgamyndaky, ilkinji nobatda bolsa ylym ulgamyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmeginde täze tapgyryň başlanmagyny dabaralandyrýandygy aýratyn belläp geçdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!