31.10.2019. Today, members of the Government, heads of public organization as well as directors of universities paid visit to Döwletliler köşgi of the capital, which is located in picturesque foothill of the Kopetdag, to give excellent presents – the bicycles to the fosters on behalf of the President of Turkmenistan.
Enthusiastic mood and celebration atmosphere reigned in Döwletliler köşgi from the morning. The guests were welcomed by children, who have all conditions for successful study and mastering of modern knowledge as well as for substantial rest, interesting and useful leisure including art classes and sport exercises.
Having expressed gratitude to the President for fatherly care and attention from the depth of their hearts, the children wished strong health for long years and new outstanding success for the sake of the Motherland to the President.

30.10.2019. Ösüp gelýän nesil, onuň sazlaşykly ösüşi we saglygy barada hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýaş türkmenistanlylary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar, çünki çagalykdan başlap, şahsyýetiň esasy aýratynlyklary, ruhy-ahlak gymmatlyklary we çelgileri kemala getirilýär.
Ine, şu gün hem hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça hökümet agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary milli Liderimiziň adyndan çagalara ajaýyp sowgatlary — welosipedleri gowşurmak üçin Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşen Döwletliler köşgüne bardylar.
Täze nusgadaky welosipedler ozal döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hormatyň hem-de milli we halkara sport hereketini ösdürmäge goşan uly goşandynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde sowgat berlipdi. Olary çagalara gowşurmak karary — hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil, Watanymyzyň geljegi hakynda atalyk aladasynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

28.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Gün tertibine paýtagtymyzy hem-de ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasyny amala aşyrmak, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek, baýramçylyk senelerine we şanly wakalara taýýarlyk görmek bilen bagly wezipeler, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli beýleki meseleler girizildi.
Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni wideoaragatnaşyga çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda işleriň ýagdaýy, ony has-da abadanlaşdyrmak, gök zolaklary döretmek we arassaçylygy üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, gurluşygy dowam edýän dürli maksatly desgalarda işleriň depgini barada hasabat berdi.

2019-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň paýtagtyna resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň Premýer-ministri Mahathir Mohamadyň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçirildi.
Gepleşikleriň başynda, myhmany mähirli garşy alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň hökümetiniň ýolbaşçysyna çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Gepleşikler ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara meseleleriň giň toplumyny öz içine aldy. Ýokary derejedäki ýakyn gatnaşyklary saklamaga, ähli pudaklardaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga bolan umumy islegi tassyklap, taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň syýasy, ykdysady, söwda, energetika, tehnologiýalar, logistika, senagat, bilim, syýahatçylyk ulgamlardaky hem-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryna aýratyn üns çekdiler.
Soňra gepleşikler “Ak altyn” otagynda giňeldilen düzümde – iki ýurduň resmi wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdirildi. Dostlukly we işjeň gepleşikleriň barşynda, türkmen-malaý gatnaşyklar barada pikir alşyp, taraplar hyzmatdaşlygyň geljegine üns berdiler. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýyly we mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirip, ýokary derejeli myhman Türkmenistana resmi sapar bilen gelmek hem-de türkmen Lideri bilen duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin örän minnetdardygyny belledi.
Gepleşikleriň ahyrynda “Mermer” otagynda giňişleýin düzümde iki döwletiň liderleri ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyny kabul etdiler. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň Premýer-ministri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem “Oguzkent” myhmanhanasynyň Banket zalynda Malaýziýanyň Premýer-ministriniň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi günortanlyk nahary berildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler.

www.mfa.gov.tm

26.10.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň gün tertibine birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri girizildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. DIM-iň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Maksatnamany hödürledi.

Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 17-nji maýynda ýola goýuldy. Şol geçen ýyllaryň dowamynda türkmen-malaýziýa hyzmatdaşlygy deňhukuklylyk, netijelilik esasynda okgunly ösdürilýär. Häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýady döwletara, hökümetara we pudagara derejesinde gol çekilen resminamalaryň 28-sini birleşdirýär.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!