18-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iki günlük döwlet sapary başlanýar, sapar türkmen Lideri tarapyndan özüniň gazagystanly kärdeşi Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça amala aşyrylýar.

Milli Liderimiz Astana boljak ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýetini belläp, onuň köptaraply hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine uly itergi berjekdigine, ikitaraplaýyn bähbitlere, şeýle hem ählumumy abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän hyzmatdaşlygyň täze möhüm derejesine çykarylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Muňa iki ýurduň dürli derejedäki wekiliýetleriniň yzygiderli özara saparlary, iki döwletiň Baştutanlarynyň has ýygjamlaşan şahsy gatnaşyklary gönüden-göni ýardam berýär, bu gatnaşyklar hoşniýetlilik we ýokary ynam ýagdaýyna eýedir. Milli Liderimiziň 2013-nji ýylyň maý aýynda Gazagystan Respublikasyna bolan döwlet saparynyň hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň 2014-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklar däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň yzygiderli çuňlaşdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi.

17.04.2017. Hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleriniň giň görnüşi, azyklyk bugdaý, pagta ýagy, nah ýüplük we mata, nah ýüplügiň galyndylary satyldy. Olary Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 21 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Niderlandlaryň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 336 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 700 müň manada barabar bolan azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm

14.04.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda geçiren göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýyna, şeýle hem ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senelere taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Aşgabat şäheriniň häkimi ýurdumyzyň baş şäherini abadanlaşdyrmak, paýtagtymyzyň ýol-ulag düzümini yzygiderli kämilleşdirmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler, Türkmen bedewiniň baýramyna we Aziada-2017-ä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösuş ýoluna düşen paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň meselelerine degip geçmek bilen, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekdi.

Welaýatlaryň häkimleri gowaça ekişiniň barşy hem-de galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdiler. Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde welaýatlarda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy hem-de Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada habar aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere gowaça ekişini guramaçylykly geçirmek, galla oragyna taýýarlyk görmek, oba hojalyk ekinlerini zyýan berijilerden goramak çärelerini göwnejaý geçirmek babatynda birnäçe tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz durmuş medeni maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmak, ilatyň durmuş derejesini mundan beýläk ýokarlandyrmak meselelerini gözegçilikde saklamagy talap etdi.

www.tdh.gov.tm

14.04.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 18-19-njy aprelinde Gazagystan Respublikasyna meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.

Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentligi tarapyndan alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda bu Pudagara toparyň çözgüdi bilen maýa goýum taslamalarynyň 3-si saýlanyp alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly kompaniýalar we olaryň taslamalary saýlanyp alnanda, taslamalaryň ykdysady netijeliligi, durmuş ähmiýeti hem-de ekologiýa howpsuzlygy, ähli gyzyklanma bildirýän taraplaryň ygtybarly we uzak möhletleýin üstünliklere ýetmegi üçin has netijeli usullary bilelikde gözlemegiň esasy ölçeg bolup durýandygyndan ugur almak möhümdir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şeýle hem ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň mümkinçiliklerini doly derejede herekete getirmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetini mümkin bolan dürli töwekgelçiliklerden goramak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu ýyl ruussiýa-türkmen hyzmatdaşlygynda şanly senedir, ýagny Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl dolýar. Onuň ähmiýeti baha bererden ulydyr. Hyzmatdaşlygyň häzirki derejesiniň öz strategik häsiýetine doly laýyk gelýändigini bellemek gerek.

Biz ýurtlarymyzyň halklarynyň arasynda kemala gelen taryhy, doganlyk gatnaşyklara sarpa goýýarys. Biz ählumumy we sebit boýunça esasy meselelerde Russiýanyň we Türkmenistanyň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny, daşary syýasat ulgamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga isleglerimiziň umumylygyny kanagatlanma bilen belleýäris.

Russiýa Federasiýasynyň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi we onuň 20 ýyllygy baradaky ýörüte Rezolýusiýasynyň awtorlarynyň biri bolup çykyş etmeginiň özi hem nygtalmaga mynasypdyr. Biz Aşgabadyň alyp barýan bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýäris, onuň oňyn we döredijilikli daşary syýasatyny, Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge meýillerini goldaýardyk we ýene goldarys. Häzirki wagtda Aşgabat möhüm halkara syýasat merkezi hökmünde kemala gelýär. Bu bolsa tutuş sebitiň bähbitlerine laýyk gelýär.

Ýokary derejedäki duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi biziň ýurtlarymyzyň baştutanlarynyň russiýa-türkmen gatnaşyklarynyň berkidilmegine möhüm ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň Soçi şäherine sapary ýurtlarymyzyň ikitaraplaýyn strategik gatnaşyklary mundan beýlägem berkitmegiň tarapdarydygyny ýene bir gezek subut etdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!