30.07.2017. Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atlytaýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.
Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumynda dünýäniň iň gowy bedewleri üçin ajaýyp şertler döredilipdir. Bu atçylyk merkezi Türkmenistanda tebigatyň täsin peşgeşi bolan bedewlere nähili söýgi-alada bilen çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde behişdi bedewleriň tohum arassalygyny saklamak, olary kämilleşdirmek we naýbaşy bedewleriň baş sanyny artdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar.
Bedewleriň bu tohumy deňi-taýy bolmadyk sungat eserleri bilen bir hatarda goýlup bilner. Ahalteke bedewleri atçylyk sportunyň görnüşleri boýunça ýaryşlarda, şol sanda Olimpiýa oýunlarynda diňe bir köpsanly rekordlary goýmak bilen çäklenmän, eýsem ençeme gezek halkara sergilerinde iň owadan bedew diýen ada eýe boldular.Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen atçylyk sportunyň konkur görnüşi “Aşgabat2017”Oýunlarynyň maksatnmasyna girizildi. Hakykatdan-da, bedewler gatnaşmazdanýurdumyza onlarça ýurtdan müňlerçe türgenleri we myhmanlary jemlejek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny göz öňüne getirmek mümkin däl.
Ahalteke bedewi öňde boljak Oýunlaryň resmi nyşany bolmak bilen, täze döwrüň –işjeňligiň, döredijilik gujurynyň, ylhamyň, ruhy taýdan ýokary göterilişiň hem-de döredijiligiň ajaýyp güýjüni özünde jemleýär. Şol sebäpli hem Olimpiýa stadionynyň gümmeziniň depesinde seleňleýän bedewiň keşbi ahalteke tohumyna mahsus bolan aýratynlyklara eýedir, myhmanlaryň her biri ony synlap, bedewe goýulýan belent sarpa hem-de türkmenleriň özüniň bütin taryhynyň dowamynda bedewe nähili buýsanç bilen garandyklaryna göz ýetirip biler.
Heniz gadymy döwürleriň ýyl ýazgylarynda “Behişdi bedewler” diýlip şahyrana atlandyrylan atlarymyz şatlykly hem dabaraly günlerde, agyr synag pursatlarynda hemişe ata-babalarymyzyň hemrasy bolupdyr. Asyrlaryň dowamynda bedew halk hakydasynda iň oňat arzuw-hyýallaryň, maksada okgunlylygyň hem-de ýeňşe erk-islegiň alamatyna öwrülipdir. Hut şu sebäpli hem häzirki wagtda ahalteke bedewi ýurdumyzyň aýdyň keşbi, onuň ösüşiň we abadançylygyň täze belentliklerine tarap okgunly hereketiniň alamaty hökmünde taryhy sahna çykdy.

29.07.2017. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýa oýunlaryna 50 günüň galmagy mynasybetli guralan köpçülikleýin çärelere gatnaşdy. Bu taryhy senäniň şanyna geçirilen köpçülikleýin welosiped ýörişi bilen başlandy.
Şu gün ir säher bilen hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan köpçülikleýin çäreleriň başlanýan ýeri bolan Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň. pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de köpsanly dabara gatnaşyjylar garşyladylar.
Milli Lideimiz daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen gürrüňdeş bolup, olara ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, şanly senelere, hususan-da, Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galmagy mynasybetli guralýan dabaralara işjeň gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.
Daşary ýurtly diplomatlar we halkara guramalarynyň wekilleri öz gezeginde halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan taryhy wakalara, guralýan dabaralara gatnaşmak ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar. Şeýle hem olar ygtybarly hyzmatdaş hem-de öz borjuny birkemsiz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde halkara derejesine ykrar edilen Türkmenistan bilen işjeň gatnaşyklary ýola goýmaga dünýä ýurtlarynyň işewür toparlarynyň uly gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.
Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryp, dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýýar. Hormatly Prezidentimiz aýdym-sazly çykyşlara tomaşa edip, türkmen sportuny wasp edýän aýdymy ýerine ýetiren aýdymçylar bilen gürrüňdeşligini dowam etdi.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň baýlaşmagynda möhüm orun eýeleýän sungat işgärleriniň döredijilikli işi üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Hususan-da, täze aýdym, saz eserlerini döretmek üçin bagşylara zerur bolan hyzmatlar hödürlenýär.

29.07.2017. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler dürli görnüşli tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri, flanel matany, nah ýüplükleri, hojalyk pamygyny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 640 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýanyň we Hindistanyň işewür toparlarynyň wekilleri umumy bahasy 339 müň manatlykdan gowrak bolan arassalanan pagta ýagyny satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 1 million 102 müň manatlykdan gowrak azyklyk bugdaý satyn aldylar.

http://tdh.gov.tm

28.07.2017. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndan gelip, paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine, “Aşgabat 2017” oýunlaryna, şeýle hem meýilleşdirilen sport-köpçülikleýin çärelere, hususan-da, paýtagtymyzda geçiriljek yklymlaýyn ýaryşlara, 50 günüň galmagy mynasybetli 29-njy iýulda geçiriljek çärelere taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri çagyryldy.
Mejlise gatnaşyjylar ýokary derejeli dynç almak, boş wagtyňy peýdaly geçirmek ugrunda üpjün edilen ýokary derejeli mümkinçilikler üçin milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, dynç alyş döwründe saglygyňy berkitmek we işe ukyplylygy artdyrmak, göwnejaý dynç almak üçin zerur mümkinçilikleriň hemmesi döredildi. Ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, öndürijilikli işlemek hem-de göwnejaý dynç almak ugrunda edilýän alada ýurdumyzyň içerki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaryldy.
Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli gowulandyrylmagy, zerur bolan durmuş üpjünçiliginiň döredilmegi, adamlaryň döwrebap ýaşaýşy we oňaýly dynç alşy üçin döwletimiziň mundan beýläk-de yzygiderli alada etjekdigini aýdyp, dynç alyş möwsüminiň has-da döredijilikli we öndürijilikli işlemäge ruhlandyrandygyna ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 50 günüň galandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak boýunça giň gerimli işleriň geçirilýändigini, ýollaryň, jaýlaryň ýanaşyk ýerleriniň, çagalar meýdançalarynyň we sport desgalarynyň abatlanýandygyny, türgenler bilen tälim işleriniň netijeli alnyp barylýandygyny, dürli çärelere ýokary derejede taýýarlyk görülýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Milli Liderimiz “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksadynda ýüze çykýan meselelere dessin täsir etmek üçin yzygiderli mejlisleri geçirmek maksadynda merkeziň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, degişli ýolbaşçylara bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

27.07.2017. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gysga möhletli dynç alyşda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumyna baryp gördi.
Irden milli Liderimiz Hazar deňziniň kenarynda okgunly kemala gelýän halkara derejeli şypahana zolagynyň düzüminiň üstüni ýetiren “Awaza” sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Balkan welaýatynyň häkimi garşyladylar.
Egindeşleri bilen bolan söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň günbatar sebitini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine, şol sanda giň möçberli “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmek meselesine ünsi çekdi. Häzirki wagtda bu syýahatçylyk zolagy türkmenistanlylara hem-de daşary ýurtdy myhmanlara dynç alşyň dürli görnüşlerini hödürleýär.
Mälim bolşy ýaly, adamyň saglygyny berkitmek, jemgyýetde, ilkinji nobatda bolsa, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek Türkmenistanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna goşuldy. Bularyň ählisi şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatda-da uly ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärlerini, aýratyn hem ýaşlary bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekmäge gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň trenažýor zalyna bardy. Şu ýylyň aprel aýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda açylan bu köpugurly sport “şäherjiginde” türkmen türgenleriniň okuw-türgenleşiklerini geçirmek, türgenleri hem-de ýygyndy toparlary Aziýanyň we dünýäniň çempionatlaryna, Olimpiýa oýunlaryna taýýarlamak, şeýle hem dürli ýaryşlary, şol sanda halkara derejeli bäsleşikleri geçirmek üçin oňaýly şertleriň döredilendigi bellärliklidir.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!