03.12.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýerli raýatlar bu işe uly höwes bilen girişdiler.
Häzirki döwürde şäheriň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we edara binalaryny baýramçylyklara mahsus derejede bezemek işlerine giň gerim berildi.

02.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Onuň gün tertibine ýurdumyzyň sebitlerini we paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, halkymyzyň durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň meseleleri girizildi. Şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz ilki bilen wideoaragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda amala aşyrylýan işleriň ýagdaýy, ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda gurluşyk işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barlyşy, şeýle hem ýetip gelýän baýrama görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde degişli gulluklar bilen bilelikde, şäheriň ilatynyň durmuş düzümini pugtalandyrmak boýunça işleriň alnyp barlyşy barada aýdyldy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp paýtagtymyzda şäher hojalygynyň işiniň ähli görkezijiler babatda nusgalyk bolmalydygyny belledi we Aşgabatda arassaçylygy, abadançylygy üpjün edýän ähli gulluklaryň işini guramakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň we täzeçil usullaryň netijeli ulanylmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

30.11.2019. Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty boldy. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi.
«Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunynyň taslamasyna we «Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiniň kararynyň taslamasyna garamak maslahatyň gün tertibiniň esasy meseleleri boldy. Maslahata hökümet agzalary degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen mejlisinde milli Liderimiz geljek ýyl üçin Döwlet býujetini taýýarlamakda esasy ugurlar barada aýdyp, onuň baş maksadynyň pudaklary yzygiderli ösdürmegiň, ykdysadyýeti diwersifikasiýa etmegiň, giň möçberli senagat taslamalaryny durmuşa geçirmegiň hasabyna ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini durnukly saklamakdan ybaratdygyny belledi.

01.12.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 43-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Gonkongdan, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy, Birleşen Arap Emirliklerinden we Owganystandan gelen işewür toparyň wekilleri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Şeýle hem karbamide («Türkmensenagat eksport-import» APJ) Owganystandan gelen täjirler isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Türkiýe we Pakistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 54 million 534 müň dollaryndan gowrak boldy.
Manat serişdelerine Russiýadan, Hindistandan, Türkiýeden, Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 5 million 684 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçilerine içerki bazar üçin jemi bahasy 50 million manada golaý bolan nebit bitumy (TNGIZT), ýokary dykyzlykdaky polietilen («Türkmengaz» DK) we pagta-süýümi ýerlenildi.

Türkmen döwlet habarlar agentligi

2019-njy ýylyň 29-njy noýabrynda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti sammitiň resmi çäreleriniň geçirilýän ýeri bolan “Kuksaroý” köşgüne ugrady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine şeýle-de Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon hem geldiler.
Däp bolan surata düşmek dabarasyndan soňra “Kuksaroý” köşgüniň kiçi maslahatlar zalynda dar düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk başlandy.
Sammitiň gün tertibi syýasy, söwda-ykdysady, maliýe goýum, ulag-kommunikasiýa, medeni-ynsanperwer we beýleki pudaklardaky sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselelerini, şeýle-de halkara meseleleriniň we sebit howpsuzlygynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmagy öz içine alýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygyndaky çykyşynda, Owganystanda ylalaşma prosesslerine ýardam bermek boýunça bilelikdäki işiň wajyplygyny belledi. Türkmen Lideri gepleşikler prosessine alternatiwanyň ýokdugy barada ynam bildirdi. Güýç bilen edilýän usullaryň bu meselede tersine bolup, netije bermeýändigini öňki tejribeler subut etdi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!