05.10.2019. Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagysatyn aldylar. Şeýle hem Owganystanyň işewür toparynyň wekilleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyny, Russiýadan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynyň önümi bolan ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna reňksiz list aýna, nah ýüplük, kosmetiki serişdeler ýerlenildi. Satyn alan ýurtlara Russiýa Federasiýasy, BAE, Özbegistan degişlidir. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 57 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, Kanadadan, Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler jemi bahasy 4 million 888 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 4 million185 müň manatlyk polipropilen plýonkasyny (TNGIZT) hem-de ýokary dykyzlykdaky polietileni satyn aldylar.

www.tdh.gov.tm