06.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlenildi hem-de döwletimiz üçin möhüm şanly seneleri nazara almak bilen, geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meselelere geçmek bilen, maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarowa söz berdi. Ol 2019-njy ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, on bir aýyň netijeleri boýunça halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda durnukly ösüş gazanyldy.
Hasabat döwrüniň jemleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgini geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,3 göterime deň boldy.
Öndürilen önümleriň ösüş depgini 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 6,9 göterimden gowrak boldy.
Ýanwar — noýabr aýlarynyň jemleri boýunça ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 20,4 milliard manada, çykdajy bölegi bolsa 19,2 milliard manada deň boldy.

05.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň, şeýle hem aýry-aýry ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz gün tertibine girizilen meselelere garamaga geçip, häzirki wagtda ýurdumyzda durnukly ösüşiň, halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda, şol sanda durmuş ulgamynda ýokary ösüş depgininiň saklanylýandygyny, dürli ugurlarda özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini belledi. Makroykdysady görkezijiler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Soňra Ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýagdaýyny, aýratyn hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň maliýe düzümleriniň işine geçirilen seljermeler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda amala aşyrylýan senagatlaşdyrmak işleriniň türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyna, daşary söwda amallarynyň ösdürilmegine, şeýle hem eksportuň görkezijilerini geçen ýyllaryň derejesinde saklamaga oňyn täsir edýändigini belledi.

04.12.2019. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda bolan Halk Maslahatynda degişli çözgüt esasynda döredilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisini geçirdi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp, şu günki çäräniň esasy maksadynyň ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işiniň ýagdaýyna we onuň mümkinçiliklerine baha bermekden, ýerlerden Topara gelip gowuşýan maglumatlary deslapdan umumylaşdyrmakdan, onuň geçen döwürde ýerine ýetiren işlerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdygyny belledi. Şeýle hem milli Liderimiz iki palataly

2019-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly kitabynyň arap dilindäki neşiriniň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň ylmy institutlarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary, şeýle-de halkara we ýerli KHBS wekilleri gatnaşdylar.
Tanyşdyryş dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi, Saud Arabystany Patyşalygynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem ýurdumyzyň ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.
Tanyşdyryş dabarasyna gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň bu özboluşly eseriniň aýratyn ähmiýetini nygtadylar. Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan bu eser halkara ähmiýetli taryhy ýolunyň aýratynlyklary baradaky gyzykly maglumatlary, arheologiki barlaglarynyň maglumatlaryny hem-de etnografiki maglumatlary özünde jemleýändir.
Çykyş edenler şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Ýüpek ýolunyň häzirkizaman formatda gaýtadan dikeldilmegine, sebit derejesinde ulag-logistiki ugurlarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyny belläp geçdiler we olaryň Merkezi Aziýa hem-de gyzyklanma bildirýän beýleki ýurtlaryň arasynda bilelikde durmuşa geçirilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy hem aýratyn nygtaldy.

www.mfa.gov.tm

03.12.2019. Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şu ýylyň on bir aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisiniň geçirilýän ýerine tarap pyýadalap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz ýol ugruna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň şäherde abadançylygy we arassaçylygy ýokary hilli üpjün etmek, ekologiýa derejesini talabalaýyk ýagdaýda saklamak hem-de şanly seneleri mynasyp garşylamak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatyny diňledi.
Habar berlişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda beren tabşyrygyna laýyklykda, Täze ýyl baýramy mynasybetli ýurdumyzyň baş şäherini bezemek üçin bäsleşik yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryny ýerine ýetirmäge Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem-de ýerli raýatlar bu işe uly höwes bilen girişdiler.
Häzirki döwürde şäheriň ýollaryny, meýdançalaryny, seýilgählerini we edara binalaryny baýramçylyklara mahsus derejede bezemek işlerine giň gerim berildi.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!