Burýatiýa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy Hytaýyň megapolisleriniň biri bolan Guançžou şäherinde edarasyny açdy.
Burýatiýanyň Söwda-senagat palatasy Russiýanyň ugurdaş guramalarynyň arasynda ilkinji bolup işewürlik gatnaşyklaryny ösdürip başlady.
Öz edarasynyň açylmagy Respublikanyň hytaýly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary we biznesini ösdürmek babatdaky işlerini hil taýdan täze tapgyra çykarmak üçin oňat mümkinçilikdir. Bu barada Burýatiýanyň Söwda-senagat palatasynyň wekili Petr Ýertanow gürrüň berýär.
10 million ilaty bolan Guançžou Hytaýyň ululygy boýunça 3-nji şäheri hasaplanýar. Ol ýerde Günorta Hytaýyň syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, bilim, medeni we ulag merkezleri ýerleşýär.
Ýertanowyň aýtmagyna görä, Burýatiýa Respublikasynyň daşary ýurtlarda 3 wekilhanasy hereket edýär. 19-njy iýunda Mongoliýada (Ulan-Bator şäheri), 17-nji sentýabrda Günorta Koreýada (Seul şäheri) Burýatiýanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilhanasy açyldy.
Nobat Pekin şäheriniňki. Ýakyn günlerde ol ýerdäki wekilhana hem gapysyny giňden açar.
Burýatiýa Respublikasynyň Söwda-senagat palatasy 2018-nji ýylyň ýanwarynda Ýaponiýada hem peýda bolar. Ol ýerde ýurduň paýtagty Tokioda wekilhana açylmagyna garaşylýar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Moskwada Söwda-senagat palatasynyň meýdançasynda Russia TALK ady bilen ykdysady forum geçirildi. Bu barada «vostokmedia.com» saýty habar berýär.
Forumyň dowamynda russiýaly we britaniýaly bilermenler Russiýa Federasiýasy bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky işewür hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, «Doing business» atly abraýly reýtingde Russiýa Federasiýasy 35-nji orny eýeleýär. Geçen ýyl 40-njy orna eýelik edýärdi.
Merkezi bankyň habar bermegine görä, Russiýanyň energetikasyna, farmasewtikasyna we beýleki pudaklaryna britan inwestisiýasynyň möçberi 15 milliard dollara barabardyr.
Öz gezeginde Russiýanyň Birleşen Korollygyň ykdysadyýetine inwestisiýasynyň möçberi 8,5 milliard dollara deňdir.
Britaniýaly inwestorlara diňe bir Moskwada garaşanoklar. Söwda-senagat palatasy Russiýanyň sebitlerine hem daşary ýurt maýasyny çekmegi maksat edinýär. Bu babatda Kaluga oblasty öňdeligi eýeleýär. Ol ýerde daşary ýurt taslamalarynyň 160-sy hereket edýär.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

28.10.2017. Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň milli söwda palatalarynyň ýolbaşçylarynyň 15-nji duşuşygy geçirildi
Duşuşygyň formatyna laýyklykda, esasan GDA-nyň giňişliginde işewürleriň işini ilerletmäge ýardam etjek meseleler ara alnyp maslahatlaşylmaly. Emma pikir alyşmalaryň dowamynda meseleler Ýewraziýany hem öz içine aldy.
Milli edara-kärhanalar, şol sanda işewürlere ýakyndan ýardam edýän söwda-senagat palatasy özara ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Olar täze gatnaşyklary ýola goýmak üçin ugurlary tapmaga, biznes alyp barmaga ýeňillik döretjek resminamalary taýýarlamaga ýardam edýärler.
Aýan Ýerenow, Gyrgyz Respublikasynyň daşary söwda palatasynyň prezidenti:
- Biz Ýewraziýa giňişliginiň çäklerinde işleýäris. Häzir bizde söwda barha ösýär. Ähli hasaplar we statistika häzirki wagtda 5 döwletiň arasynda alnyp barylýar. Durnukly ösüşler hasaba alynýar. Her ýylda ortaça 11-15 göterim ösüş gazanylýar. Bu ösüşler Ýewraziýa giňişliginde alyp barýan ylalaşyklarymyzyň netijesinde mümkin boldy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

25.10.2017. Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu halkara sergisine hem-de ylmy maslahatyna Ýurdumyzda işleýän halkara guramalarynyň, bilim ulgamynda dünýä belli kompýuter we interaktiw tehnikasyny, lingafon enjamlaryny, mekdep mebellerini, okuw-görkezme esbaplaryny, barlaghana enjamlaryny öndürýän hem-de olaryň programma üpjünçiligini taýýarlaýan, sport eşiklerini we esbaplaryny öndürýän kompaniýalaryň 30-a golaýy gatnaşmaga isleg bildirdiler.
Türkmenistana forumda ýokary okuw mekdepleriň, öňdebaryjy bilim we sport edaralarynyň, beýleki ugurdaş hususy kärhanalaryň ýolbaşçylary wekilçilik eder. Ylmy maslahata 27 ýurtdan alymlar gatnaşar.

www.tdh.gov.tm

«Ýüpek ýoly» halkara söwda palatasyny esaslandyryjy we onuň başlygy Çžunhan Li halkara söwdasynyň häzirki düzgünleriniň ösüşi togtadýandygy sebäpli ony üýtgetmegiň möhümdigini aýdyp, Afinyda guralan forumda beýanat berdi.
Afinydaky işewür sammiti ÝB (Ýewropa Bileleşigi)-Ýewraziýa-Hytaý «Gündogardan günbatara köpri gurmak» ady bilen «The Economist» žurnaly gurady.
«Biz hemmämiz bileleşip Zeminde, deňizde, asmanda we kibergiňişlikde «Ýüpek ýoluny» gurup, onuň üsti bilen uly özara baglanyşygy döretjek körpileri bina etmeli. Antik döwürden bäri özara baglanyşyk hem-de hyzmatdaşlyk ykdysady we sosial taýdan ösmegiň esasy şerti bolupdyr» - diýip, Çžunhan Li belledi.
Şeýle-de, ol «Bir guşak – bir ýol» taslamasynyň HHR-iň Lideri tarapyndan hödürlenilip, onuň Hytaý bilen Ýewropany birikdirmelidigini ýatlatdy.
Soňra: «Biz eýýäm ilkinji netijeleri gazandyk» diýip, palatanyň başlygy nygtady.
Çžunhan Li «Ýüpek ýoly» halkara söwda palatasynyň «Ýüpek ýolunyň» ugrunda ýerleşýän ýurtlaryň söwda palatalaryndan düzülendigini habar berdi.
«Biziň häzirki wagtda milli palatalaryň 90-syndan ybarat agzamyz we 75 döwletde habarçy-agzamyz bar. Olaryň garamagyndaky ýüzlerçe kärhanalar biz bilen hyzmatdaşlyk edýär» diýmek bilen, ol «Bir guşak – bir ýol» taslamasyny umumy geljegimiziň taslamasyna öwürmäge çagyrdy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!