Eýranyň Astara şäherinde Azerbaýjan Respublkasy bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady, söwda we gumanitar meseleler boýunça komissiýanyň 12-nji ýygnanyşygy geçiriler.

“SalamNews”-iň habar berşi ýaly, bu barada Döwlet komissiýasynyň başlyklarynyň biri, Ykdysadyýet ministri Şain Mustafaýew bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Azerbaýjandaky ilçisi Jawad Jahangirzadeniň duşuşygynda gürrüň edildi.

Duşuşyk wagtynda ilçi Azerbaýjan-Eýran söwda palatasyny döretmek baradaky teklibi hem orta atdy.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

Amerikanyň Russiýadaky söwda palatasy (AmCham) tarapyndan “Boeing” kompaniýasy “Ýylyň kompaniýasy” baýragyna mynasyp boldy. Bu barada “Boeing” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Amerikanyň Russiýadaky söwda palatasynyň prezidenti Aleksis Rodzýanko: “Boeing” kompaniýasynyň Russiýada alyp barýan işleri ABŞ bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary amala aşyrýandygynyň iň görnükli nusgalarynyň biri bolup durýar” diýip belledi.
“Boeing” kompaniýasynyň Russiýadaky we GDA döwletlerindäki şahamçasynyň prezidenti Sergeý Krawçenko: “Boeing” kompaniýasynyň hyzmatlaryna ýokary baha berendigi üçin Amerikanyň söwda palatasyna minnetdarlyk bildirýäris. Bu biz üçin uly abraý” diýip beýanat berdi.
“Boeing” 15 ýyl bäri Amerikanyň söwda palatasynyň agzasy bolup durýar.
“Boeing” kompaniýasy dünýädäki iri aerokosmiki kompaniýalaryň we reaktiw raýat uçarlaryny öňdebaryjy öndürijileriň biri hasaplanýar.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

19.12.2017. Serbiýanyň Söwda-senagat palatasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagynda geçip barýan ýylda gazanylan üstünlikler üçin baýraklaryň 41-si dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Baýraklar 3 topara bölündi: ýubileýler (11 baýrak), kompaniýalar (16), işewürler (13). Şeýle-de, Serbiýanyň O2 (ozalky ТВ B92) teleýaýlymyna Serbiýanyň Söwda-senagat palatasynyň işini wagyz edenligi üçin ýörite baýrak gowşuryldy.

Şol ýygnanyşykda Söwda palatasynyň 2018-nji ýyl üçin etmeli işleriniň meýilnamasy we maliýe meýilnamasy kabul edildi.

Taýýarlan Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

4-nji dekabr, 2017. Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň başlygy Wladimir Ulahowiç Merkezi Ýewropa Insiatiwasy (MÝI) tarapyndan guralan “Energiýa tygşytlaýan we ekologiýa zyýansyz tehnologiýalar” atly biznes-foruma gatnaşdy.
Minsk şäherinde geçirilen biznes-foruma MÝI guramasyna girýän işewürlik bileleşikleriniň, döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň we halkara maliýe institutlarynyň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy.
Foruma gatnaşyjylar energiýa tygşytlaýan we ekologiýa taýdan zyýansyz tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmagyň, olary ulanmagyň we bu ulgamyň işini ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Munuň özi sebitleriň sosial-ykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün eder.
Bu çäre standartizasiýa boýunça döwlet komiteti, Daşary işler ministrligi, Tebigy serişdeler we daşky gurşawy goramak ministrligi, Belarusyň Söwda-senagat palatasynyň marketing we bahalaryň konýunkturasy merkezi tarapyndan bilelikde guraldy. Üstümizdäki ýylda Belarusyň MÝI-de başlyklyk edýändigini ýatladýarys.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew, žurnalist.

27.11.2017. Amerikan söwda palatasy (American Chamber) Gyrgyzystanyň Döwlet hasaba alyş gullugyny innowasiýalar we tehnologiýalar ugry boýunça gazanan üstünlikleri üçin sylaglady. Bu barada Gyrgyzystanyň Döwlet hasaba alyş gullugynyň metbugat gullugy habar berýär.
Amerikan palatasynyň her ýyl öz agzalary we hyzmatdaşlary bilen geçirýän duşuşygynda olaryň ilkinji gezek döwlet edarasyny innowasiýalar we tehnologiýalar ugry boýunça gazanan üstünlikleri üçin sylaglandygy bellenilip geçilýär.
***
MAGLUMAT. Gyrgyzystandaky Amerikan palatasy kompaniýalaryň 70-den gowragyny birleşdirýän halkara biznes assosiasiýasydyr. Ol Gyrgyzystanda amatly we bäsleşige ukyply işewürligi döretmäge we oňa gatnaşýan kompaniýalary birleşdirmäge çalyşýar. «AmCham Awards-2017» atly baýrak gowşurylyş dabarasy birnäçe ugur boýunça geçirildi.

Terjime eden Goçmyrat Orazberdiýew,
žurnalist.

Скачать шаблоны Joomla бесплатно!